Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasyndaky (AFAD) koordinasiýa merkezinde güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň alynyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Meýdandaky 32 müň 71 adamdan ybarat gözleg we halas ediş toparlarynyň arman-ýadaman işlemäge dowam edýändigini aýdan Fuat Oktaý, gözleg we halas ediş işlerinde ýörite itleriň we bar bolan ähli tehnologiýalaryň dolulygyna ulanylýandygyny habar berdi.
Mundan hem köp adamy halas etmegi umyt edýändiklerini aýdan Fuat Oktaý: "Gynandyryjy habarlaryň biri hem ýogalan doganlarymyz. Görkeziji gynansagam artmaga dowam edýär. 24 müň 617 adam ýogaldy. Biziň islegimiz gözleg we halas ediş işlerini üns bilen dowam etdirmek we soňky pursata çenli umydymyzy saklamak" diýip belledi.
Ýer titremelerde ýaralanan adamlaryň sany 80 müň 278 adama ýetdi. Ýumrulan binalaryň sany 12 müň 141 boldy.
Ewakuasiýa operasiýalarynyň dowam edýändigini aýdan Fuat Oktaý, ewakuasiýa merkezlerinden gidenleriň sanynyň häzirki wagta çenli 111 müň 500 adama ýetendigini beýan etdi.