Türkiýede başdan geçirilen ýer titreme betbagtçylygyndan bäri bir aý geçdi. Bu betbagçylygy elbetde syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, psihiki we ylmy taýdan analiz etmek ýerlikli bolar. Elbetde giňişleýin netijä barmak üçin entek ir hem bolsa, diplomatiýada ýüze çykaran netijesi möhüm.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Türk hökümetiniň çagyryşyna jogap beren oňyn reaksiýalar dünýäniň tas ähli materiginden we sebitinde Türkiýä gelmäge başlady. Şu günki güne çenli 100-e golaý ýurt Türkiýäniň başdan geçiren betbagtçylygyna kömek bilen jogap berdi we dürli derejelerde arkalaşmaga dowam etjekdigini beýan etdi.
Azerbaýjan, Wengeriýa, Gresiýa we Ysraýyl ýaly käbir ýurtlar gözleg-halas ediş toparlaryny ugratdy.Azerbaýjan, Katar we Russiýa ýaly käbir döwletler ejir çekenlere kömek bermek üçin halka ýardam berdi.
ABŞ we birnäçä Ýewropa döwleti hem gözleg-halas ediş toparlaryny ugratdy hem-de maliýe kömek sözüni berdi.
Kömek berip bilmedik birnäçe Afrika ýurdy bolsa Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi. Şol ýurtlaryň raýatlary global derejede durnukly ynsanperwer kömek üçin jomartlygy bilen tanalýan Türkiýä doga okady. Aýratynam musulman ýurtlaryň başda durmagynda ençeme ýurtdan jemgyýetçilik guramalary Türkiýe üçin ýardam kampaniýalaryny guramaga başladylar.
Garaşylşy ýaly ilkinji we iň ýokary reaksiýany Azerbaýjan bildirdi.Azerbaýjanyň döwleti we halky Türkiýä dürli görnüşli kömekleri bermek üçin mobilizlendi.Soň Özbegistan ýaly beýleki türkidöwletler we Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Pakistan we Katar ýaly musulman döwletlerden kömek habarlary gelmäge başlady.
Betbagtçylyk sebitine döwlete degişli kömek we halas ediş toparlaryny ugradan ilkinji ýerlerden biri hem Yragyň Kürt Awtanomiýasy boldy.Beýleki musulman ýurtlaryň hökümetleri we halklary Türkiýä uly kömekler berdiler.
Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň uly kömegi Wengriýa berdi. Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän seýrek Ýewropa ýurtlaryndan biri bolan Wengrgiýanyň gözleg-halas ediş toparlary halas ediş işlerinde üstünlikli tagalla edipdi.
Sebitdäki ýurtlaryň tas ählisi her gün türk halkyna duýgudaşlyk bildirip, ýardam sözüni berdiler. Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Kuweýt ýaly Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar ýer titreme betbagtçylygyndan soň uly mukdarda kömek berdi. Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamas Al Tani Türkiýä sapar edip, Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşdy.
Soňky döwürlerde Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrýan Ysraýyl döwleti Türkiýäniň kömek çagyryşyna ilkinji reaksiýa bildiren ýurtlardan biridi. Emma Azerbaýjan soň iň yly gözleg-halas ediş toparyny ugratdy we gerek bolan halatynda goşmaça kömek berjekdigini beýan etdi.
Edil şonuň ýaly hem Müsüriň kömegi iňňän möhümdir.Kataryň paýtagty Dohada ilkinji maslahatyny Dünýä Kubogynyň dabarasynda geçiren iki ýurduň liderleri ikinji gezek gepleşik geçirdiler.Müsüriň Prezidenti Sissi Erdogana telefon etdi we Türkiýäniň Müsür bilen gatnaşyklarynyň kadalaşma tapgyrynyň depgini gowşak bolany üçin şol telefon söhbetdeşligi möhümdi. Şeýle hem Türkiýe bilen umuman dartgynly gatnaşygy bolan Ermenistanyň halas ediş toparyny ugratmagy we türkleriň gam-gussasyny bölüşýän ýüzlenmeler bermegi möhümdi.
Ähli döwletleriň arasynda özgeren gatnaşyklaryň iň uly mysaly Gresiýanyň we resmi Afynynyň reaksiýasy boldy. İlki Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellarapulo Erdogana telefon arkaly duýgudaşlyk bildirdi. İkinjisi Premýer-ministr Kyriakos Mikotakis Erdogana telefon edip, duýgudaşlyk bildirdi. Üçünjisi Daşary işler ministri Nikos Dendias ýer titreme sebitine sapar edip, kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy we duýgudaşlyk bildirdi.
Aslyna seredilende Mikotakisiň geçiren telefon söhbetdeşliginiň özem iň esasy wakady.Erdoganyň Mikotakisiň ABŞ-daky çykyşynda beren Türkiýä garşy beýannamalary sebäpli onuň bilen mundan beýläk duşuşmajakdygyny yglan edendigi göz önünde tutulanda ol hakykatdan hem möhüm waka hökmünde kabul edilmeli.
Erdogan-Mikotakis telefon söhbetdeşligi özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy taýdan iňňän möhüm wakadyr.
Ugradylan kömekler we berilen ýüzlenmeler iňňän açyk we möhüm bir hakykaty görkezýär: adamlaryň gumanitar pajygalara bolan reaksiýasy. Döwletler we ynsanlar tapwutly syýasy, ykdysady, sosial we medeni meseleler sebäpli dünüşmezlikleri söweşleri we çaknyşyklary başdan geçirýän hem bolsalar, öz aralaryndaky duşmançylygy bir gyra goýup, gumanitar tarapa üns berip, birek-birek bilen gyzyklanýarlar.
Ikinji netije bolsa global kömekler we reaksiýalar Türkiýäniň halkara ynsanperwer kömek işleriniň ýurdumyza bolan hormat-sylagy we Türkiýäniň gumanitar diplomatiýasynyň güýjüniň nähili artandygyny görkezdi. Elbetde Türkiýe we türk halky öwezinde hiç zada garaşman, agyr günlerde zerurlyk duýýan döwletlere hem-de halklara kömek berýär, emma wagty we ýeri gelende şol ynsanperwer kömegiň nähili güýje öwrülýändigini gördük.