Türkmenistanyň prezidenti 29-njy iýulda başlan häkim täzelemelerini 1-nji awgustda, hökümet agzalary bilen bilelikde nobatdaky zähmet rugsadyna çykanyndan soň hem dowam etdirdi we, ýerli habarçymyzyň ýazmagyna görä, ynamdar çeşme Lebabyň welaýat häkiminiň wezipesinden boşadylmagyny garaşsyz neşirlerde sebitdäki ýer-suw meseleleri barada çap edilen makalalar bilen baglanyşdyrýar. Ýöne Azatlyk ýurtda onlarça ýyl bäri dowam edýän köpçülikleýin kadr çalyşmalarynyň mümkin bolan sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Türkmenistanda wezipesinden boşadylýan emeldarlaryň käte başga işe geçýändigi, işinde düýpli kemçilik goýberendigi ýa-da işini oňarmandygy aýdylsa-da, ýurduň mejlisi hökümet başlygyndan işinde düýpli kemçilik goýbren’ ýa-da soň jenaýat jogapkärçiligine çekilen öňki emeldarlar barada hiç bir hasabat soramaýar we hökümetde onlarça ýyl beri gaýtalanýan kadr çalyşmalarynyň anyk sebäpleri belli bolman galýar.
Resmi habara görä, Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew wezipesinden başga işe geçmegi sebäpli boşadyldy. Ýöne, aýdaly, Daşoguz welaýatynyň Ahal welaýatyna häkim bellenen öňki ýolbaşçysy baradaky habarda bolşy ýaly, onuň indi nirede işlejekdigi aýdylmady.
Şeýle-de, wezipe basgançaklarynda çalasyn ýokary galan Röwşen Hojagulyýewiň, Ahalyň öňki häkiminiň haýsy başga işe geçirilendigi aýdylmaýar. Ýerli çeşme onuň Bäherdendäki ýer-suw meselesinde 'bulaşandygyny' öňe sürýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň Lebabyň welaýat häkimligindäki kärdeşlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Amangeldiýewiň wezipesinden gyrakladylamgyna öňräkden bäri garaşylýardy we, häkim işden aýrylan halatynda onuň ornuna Türkmenabat şäheriniň häkimi Guwanç Bazarowyň belleniljekdigi çaklanylýardy.
“Amangeldiýew häkimlikde 22-24-nji iýulda geçirilen ýygnaklardan soň iş ýerinde görünmedi. Onuň Aşgabada çagyrylandygy, ornuna şäher häkiminiň geçjekdigi baradaky myş-myşlar güýçlendi. Emma adamlar Azatlykda we “Turkmen.news” neşirinde çykan makalalar Bazarowyň welaýat häkimi wezipesine bellenmegine päsgel berdi öýdýän diýýärler” diýip, çeşme aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň habarçysy 11-nji iýunda Lebabyň Darganata etrabynda ýaşaýan onlarça daýhana salgylanyp, olaryň 1990-njy ýyllardan bäri ekin ekýän, kanun esasynda hususylaşdyrylan ýerleriniň bikanun ellerinden alnandygyny habar berdi.
Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe ýaşaýjynyň aýry-aýylykda tassyklamagyna görä, aprel aýyndan bäri 70-e golaý daýhan ekerançylyk ýerlerini ýitirip, soňkuja eklenç ýapyşalgasyndan mahrum edildi. Ýogsa, aýdylmagyna görä, olaryň ýer eýeçiligi baradaky resminamalary hem ýerbe-ýer eken. Ýöne indi ozal olary ýerli eden kanunlaryň güýjüni ýitirendigini aýdypdyrlar.
Lebapda we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde ýitileşýän ýer meselesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyndaky agyr ýagdaýy, hasyllylygyň pese düşmegini, ýerleriň şorladylmagyny we önüm öndürmek kynçylyklaryny bölekleýin tassyklap, ýerleri hususy telekeçilere geçirmek kararyna gelmegi bilen çylşyrymlaşdy diýip, synçylar aýdýar.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Lebabyň Halaç, Saýat we Hojambaz etraplarynyň daýhan birleşikleriniň başlyklary 1-3 gektar aralygynda ýeri bolan kärendeçileriň ýerleriniň yzyna alynjakdygyny geçen ýylyň ýanwarynda duýdurdylar.
Bu duýduryş prezident Berdimuhamedow ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hakyndaky buýruga gol çekeninden biraz soň berildi.
Türkmenabadyň şäher häkimi Guwanç Bazarow barada aýdylanda, belki-de öňki häkimden soň, bu resmi hem sebitdäki ýer meselelerini çözýän adamlaryň biri hasaplanýar.
“Turkmen.news” neşiri maý we iýun aýlarynda Dänew etrabynyň daýhanlarynyň ellerinden alnan ýerlerde býujet edaralarynyň işgärleriniň mejbury zähmete çekilýändigini, şeýle-de şähär häkiminiň inisi Husnitdin Bazarowyň hususy eýeçiligindäki ýerlerde Mary welaýatyndan gelen goly ýuka buluç maşgalalarynyň ezilýändigini habar berdi.
Garaşsyz neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Dänew etrabynyň häkimi we golaýdaky Seýdi şäheriniň ýolbaşçylary öz ildeşlerini ýokary wezipeli agasyna daýanýan ýer eýesiniň süteminden goramaga gorkýar, sebäbi Bazarowyň Türkmenabat şäherine 27 ýaşynda häkim bellenen dogany sebitde dokuz ýyl bäri diýeni bolýan adamlaryň biri hasaplanýar.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu aýdylýanlary ýerinden barlap, resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär. Şol bir wagtda, häkimleriň täzelenmeginiň ýerleri ellerinden alnan daýhanlaryň meselesini çözjekdigi ýa däldigi belli däl.
Prezident Berdimuhamedowyň kadr çalyşmalaryna gaýdyp gelsek, ol zähmet rugsadyna çykanyndan soň Sarahs etrabynyň häkimi Gurbanmyrat Ýazgulyýewi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin” diýip, anyk hiç bir zat aýtman işden boşatdy we onuň ornuna orunbasary bolup işlän Begenç Taýyrowy belledi, Dürsadap Orazmämmedowany Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Gülendam Tejen gyzy Gurbanowany geçirdi.
Şeýle-de, prezident Guwançmyrat Amangeldiýewi “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi, bu gazetiň öňki ýolbaşçysy Azat Jepbarow geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellenipdi.
Maglumat üçin aýdylsa, sebit, etrap ýaşaýjylary häkimleriň aşakdan, saýlawlar esasynda bellenilmelidigini öňe sürseler, synçylar türkmen prezidentleriniň baş redaktorlary işe bellemek we wezipeden boşatmak baradaky kararlarynyň Metbugat hakyndaky kanuna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.