ÝER EÝESI RUSSIÝA

Russiýanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek Dünýä Kubogyna 1994-nji ýylda gatnaşýar. Ýöne ozalky Soýuzy hasaba alanyňda, SSSR-iň ýygyndysy 1958-nji ýyldan başlap Dünýä çempionatlarynda çykyş edip ugraýar.

Umuman häzirki Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde futbol federasiýasy 1912-nji ýylyň ýanwar aýynda Sankt-Peterburg şäherinde döredilýär. Şol ýyl FIFA-nyň agzasy bolan SSSR-iň ýygyndysy ilkinji resmi we halkara duşuşygyny 1924-nji ýylda Türkiýäniň topary bilen geçirýär we 30 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Dogry ondan öňem ilki finlerden 50, soňam şwedlerden 21 hasabynda üstün çykýar.Ilki-ilkiler Russiýa imperiýasynyň topary, soňra köp ýyllaryň dowamynda SSSR-iň, gysga wagtlyk hem bolsa, GDA-nyň ýygyndysy atlary bilen çykyş edýär.4-nji ÝERI EÝELEÝÄR1954-nji ýylda UEFA-nyň agzalygyna kabul edilen Soýuzyň ýygyndysy ilkinji gezek Dünýä Kubogyna 1958-nji ýylda gatnaşýar. 1956-njy ýylda Melburnda Olimpiýa çempiony bolan SSSR Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda polýaklary we finleri yzda galdyrýar.

Final tapgyrynda toparçada Angliýa bilen 22 oýnaýar.Soňra Awstriýany Anatoliý Ilýin we Walentin Iwanowyň gollary bilen ýeňýär (20). 3-nji duşuşygynda Braziliýadan 20 ýeňilse-de, çärýek finala çykýar. Çärýek finalda ýer eýesi Şwesiýa bilen duşuşyp, Hamrin we Simonssonyň gollary esasynda 20 hasabynda utulýar. 1960-njy ýylda ilkinji gezek guralan Ýewropa çempionatynyň ilkinji çempiony bolan SSSR 1962-nji ýylda Çilidäki ýaryşyň toparçalarynda 2 ýeňiş, 1 deňlik gazanýar. Çärýek finalda ýer eýeleri Çili bilen gabatlaşýar.

Olar bu saparam ýer eýelerinden utulýar (21). 1966-njy ýylda Angliýada geçirilen 8-nji Dünýä çempionatynda SSSR 4-nji toparça düşýär.Demirgazyk Koreýany 30, Italiýany 10, Çilini-de 21 hasabynda ýeňen öňki Soýuzyň ýygyndysy çärýek finalda-da wengerlerden üstün çykýar (21). Ýarym finalda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysyndan 21 asgyn gelen SSSR üçin bu çempionat iň şowly Dünýä Kubogy bolýar. 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da SSSR Eýsebioly Portugaliýadan 21 utulyp, 4-nji ýeri eýeleýär. 1970-nji ýylda Meksikadaky Dünýä çempionatyna-da gatnaşan SSSR toparçada 1-nji ýeri eýeleýär. Çärýek finala çykyp, Urugwaýdan goşmaça wagtda 10 (Esparrago 117) hasabynda utulýar. 1974-nji we 1978-nji ýyllardaky Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmeýär. 1982-nji ýylda Ispaniýadaky çempionata ýeňliş bilen başlaýar (Braziliýadan 21).

Täze Zelandiýany 30 utup, şotlandlar bilen 22 deňme-deň oýnaýar we 2-nji tapgyra çykýar. 2-nji tapgyrda Belgiýany 10 utup, Polşa bilen 00 deňme-deň oýnaýar we gol tapawudy bilen 2-nji orny eýeleýär. 1986-njy ýylda Meksikada “C” toparçada Wengriýany 60, Kanadany-da 20 utýar.

Fransiýa bilen 11 deňme-deň oýnaýar. 1/8 finalda taryhy duşuşykda Belgiýadan goşmaça wagtda 43 ýeňilýär.SSSR-iň gollarynyň üçüsinem Igor Belanow derwezä girizýär.Italiýa1990 Dünýä Kubogy ozalky Soýuzyň gatnaşan soňky Dünýä çempionaty bolýar. “B” toparçada Rumyniýadyr Argentinadan 20 utulan SSSR Waleriý Nepomnýaşiýiniň tälimçiligindäki Kameruny 40 hasabynda ýeňýär.

Bu ýeňiş 2-nji tapgyr üçin ýeterlik bolmaýar.Umuman alnanda, ozalky SSSR-iň ýygyndysy 19581990-njy ýyllar aralygynda geçirilen 9 Dünýä çempionatynyň 7-sine gatnaşýar. 31 oýunda 15 ýeňiş gazanýar. 6 saparam deňme-deň oýnap, 10 duşuşykda-da utulýar. Şol 7 çempionatyň iň soňkusyndan galanynda toparçadan çykmagy başarýar.

Iň şowly çykyş eden çempionaty-da Angliýa1966 Dünýä Kubogy bolýar.SSSR-iň topary bu ýaryşda 4-nji ýeri eýeleýär. Şol 31 duşuşykda 53 gol geçiren ruslar, 34 top geçirdýär.

SSSR-iň düzüminde iň köp çykyş eden oýunçy Oleg Blohin bolup, ol iň netijeli oýunçylaryň sanawynda-da birinji hatarda durýar. 19721988-nji ýyllar aralygynda çykyş eden Blohin 112 oýunda 42 gol geçirýär. Şeýle-de SSSR iň soňky resmi duşuşygyny 1991-nji ýylda Kipr bilen geçirýär we 30 hasabynda ýeňýär.

Iň uly tapawutly ýeňşinde Hindistandan 110 hasabynda üstün çykýar (1955).Iň uly tapawutly ýeňlişinde Angliýanyň ýygyndysyndan 50 utulýar (1957).SSSR-iň ýygyndysyna dürli ýyllarda Gawriil Kaçalin (195558, 196062, 196970), Mihail Ýakuşin, Nikolaý Morozow, Walentin Nikolaýew, Nikita Simonýan, Waleriý Lobanowskiý (197576, 198283, 1986-87) ýaly belli tälimçiler tälim berýär.

Toparyň iň esasy ýyldyzlary hökmünde-de irki ýyllarda dünýä belli derwezeçi Lew Ýaşini, Walentin Iwanowy, Igor Nettony, Igor Çislenkony, Ýewgeniý Lowçewi, Anatoliý Banişewskini, Albert Şesternýowy, Murtaz Hursilawany, Waleriý Woronini, Wladimir Kapliçnyny, Wiktor Ponedelnigi, Eduard Strelsowy, Slawa Metrewelini, Sergeý Salnikowy, 19701990-njy ýyllar aralygynda-da Oleg Blohini, Rinat Dasaýewi, Anatoliý Demýanenkony, Wladimir Bezsonowy, Sergeý Aleýnikowy, Oleg Protasowy, Ramaz Şengeliýany, Wagis Hidiatulini, Gennadiý Litowçekony, Wasil Rasy, Igor Belanowy, Andreý Baly we ýene-de onlarça futbolçyny agzamak bolar.Russiýanyň ýygyndysy ady bilen ilkinji duşuşyk 1992-nji ýylyň 16-njy awgustynda Meksika bilen geçirilýär we 20 hasabynda ýeňiş gazanylýar.

Russiýa ady bilen ilkinji gezek 1994-nji ýylda ABŞ-daky Dünýä kubogynda çykyş eden ruslar Braziliýadan 20, Şwesiýadanam 31 hasabynda utulýar.Soňky oýnunda-da Kamerunda 61 hasabynda üstün çykýar.

Bu duşuşykda 5 gol geçiren Oleg Salenko Dünýä çempionatlarynda 1 duşuşykda 5 gol geçiren ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk futbolçy bolmagynda galýar. 1998-nji ýyldaky çempionata gatnaşyp bilmedik Russiýanyň ýygyndysyna 2002-nji ýylda Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyň bilelikde guran ýaryşynda-da toparçadan çykmak başartmaýar.

Tunisi 20 utup, ýaryşa başlan ruslar ýaponlardan 10, Belgiýadanam 32 hasabynda utulýar. Şondan soň, ýene-de 2 Dünýä çempionatyny geçiren Russiýanyň ýygyndysy 2014-nji ýylda Braziliýadaky bäsleşikde Kapellonyň ýolbaşçylygynda şowsuz çykyş edýär. 1-nji we 3-nji duşuşygynda Günorta Koreýadyr Alžir bilen deňme-deň oýnap, 2-nji oýnunda-da Belgiýadan 10 hasabynda asgyn gelýär. 1990-njy ýyllarda toparyň esasy ýyldyzlary hökmünde Aleksandr Mostowoý, Andreý Kançelskis, Waleriý Karpin, Wiktor Onopko, Ilýa Symbalar, Ýuriý Nikiforow, Wladimir Besçastnyh, Dmitriý Hlestow, Igor Kolywanow, Dmitriý Aleniçew, 2000-nji ýyllardan bärde-de Andreý Arşawin, Roman Pawlýuçenko, Rolan Gusew, Dmitriý Syçew, Pawel Pogrebnýak, Aleksandr Keržakow, Waleriý-Wasiliý Berezuskiler, Sergeý Ignaşewiç dagyny görkezip bolar.Mahlasy, Russiýanyň ýygyndysy Soýuzdan soň, 3 gezek Dünýä Kubogynda çykyş edip, 3-sinde hem toparçadan çykyp bilmeýär.

Topara Oleg Romansew, Anatoliý Byşowes, Waleriý Gazzaýew, Georgiý Ýarsew ýaly russiýaly, şeýle-de Guus Hiddink, Dik Adwokat we Fabio Kapello ýaly golland we italýan tälimçileri tälim berýär.Häzirki wagtda Stanislaw Çerçesowyň tälimçiligindäki toparyň ilkinji maksady elbetde, çempionlyk. Ýöne ilki bilen toparçadan çykmak gerek. Şu ýylyň tomsunda geçirilen Konfederasiýa kubogynda şowly çykyş edip bilmedik Russiýanyň ýygyndysynda häzirki wagtda Akinfeýew, Smolnikow, Žirkow, Gluşakow, Dzagoýew, Kombarow, Golowin, Kokorin, Smolow we Poloz dagy toparyň esasy düzümini düzýärler.Russiýanyň ýygyndysynda iň köp oýun geçiren futbolçy Sergeý Ignaşewiç bolup, ol 120 duşuşykda meýdança çykdy (8 gol).

Iň netijeli futbolçy-da Aleksandr Keržakowdyr 91 oýunda 30 gol.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Moskwa barýan uçarlara bilet gytçylygy döredi
Russiýanyň ilçisi: Täze Prezident Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna üýtgeşmeleri girizmez
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy
Türkmenistanda COVID-a garşy buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen kärdeşlerini Diplomatik işgärleriň güni bilen gutlady
Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz
Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym edilýär