Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, galla krizisiniň çözülmeginde uly rol oýnan Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Stoltenberg, ukrain gallasynyň eksport edilmäge başlanmagy hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, BMG-nyň töwellaçylyk etmeginde Odessa portundan galla eksportynyň başlamagyna hoşallyk bildirdi.

Stoltenberg “Hyzmatdaşymyz Türkiýä oýnan uly roly üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Stoltebg, NATO agza ýurtlaryň halkara azyk kiriziniň çözülmegi üçin galla ylalaşygynyň kadalaryny ýerine ýetirmeklerine güýçli goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Milli Goranmak ministrligi, şu gün irden Ukrainanyň Odessa portyndan galla ýüklenen ilkinji gäminiň ugrandygyny habar beripdi.

Beýannamadai Liwanyň Tripoli portuna gitmek üçin Odessadan ugran mekgejöwen ýüklenen Razoni atly gäminiň ertir Stambula geljekdigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stoltenberg Ýarag Önümçiliginiň Artdyrylmagy Üçin Çagyryş Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
Türkiýe, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi