Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 9-njy maý Ýeňiş güni mynasybetli sopranada we fortepianoda sazlary çalmak boýunça dabaraly çäre geçirildi. Çärede fortepianoda Şemşat Amannepesowanyň we sopranoda Oguljeren Seidowanyň ýerine ýetirmeginde N.Halmämmedowyň Elegiki prelýuda tuga, D.Öwezowyň Şasenem-Garyp operasyndan Şasenemiň ariýasy, A.Agajykowyň Gowgaly gije, W.Muhadowyň Gyzlar ýaly ençeme belli kompozitorlarymyzyň meşhur sazlary ýaýbaňlandyryldy.
Halkymyzyň şol günki beÿik ýeňşiniň şowhuny häzirki wagtda hem, her bir adamyň kalbynda joşup, aýdym-sazlara ganat berýär. Watan mukaddesligi, gaýratly gerçeklerimiziň bize bagyş eden bu agzybir, asuda durmuşy türkmeniň ägirt uly sungatynda aýdym-saz edebiýatynda dessan, medeniýetinde edebi gurluş bolup giňden ýaňlanýar.
Friderik Şopeniň Skesosyny, Ferens List, Etýudlar, Rapsodiýa II, Nury Halmämmedowyň Elegiki Prelýudiýa fuga atly sazlary ýaňlandy. Şemşat Amannepesowanyň öz döreden fortepiano üçin prelýudiýalary ýekelikde ýerine ýetirdi.
Uly şatlyga-joşguna beslenen bu dabaraly çärede çalnan ajaýyp sazlar ähli tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, ýene bir gezek beýik ýeňşiň buýsanjyny kalplara nagyşlady.