Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary

Basketbol oýnunyň iň uly çäresi hasaplanýan “NBA All Star 2020” duşuşygynda LeBron Jeýmsiň topary ýeňiş gazandy. Çikagodaky “United Center” sport desgasynda oýnalan duşuşyk örän çekeleşikli geçdi.Duşuşygyň 1-nji çärýeginde LeBron Jeýms we ýoldaşlary 53:41 öňe saýlandy. 2-nji çärýekde tijenen Jiannis Antetokunmponyň topary has erjel oýun görkezip, 51:31 hasabynda üstün çykdy.

Netijede, toparlar 92:83 hasabynda Jiannis we ýoldaşlarynyň üstünligi bilen arakesmä çykdylar. 3-nji çärýekde iki tarap hem deň oýun görkezdi (41:41).Jemleýji çärýekde LeBron we topardaşlary 33:22 hasabynda öňe çykdy. Şeýlelikde, umumy hasapda 157:155 öňe saýlanan LeBron Jeýmsiň topary “NBA All Star 2020”-niň ýeňiş gazanan tarapy boldy. Ýeňiş gazanan toparyň ýyldyz basketbolçylaryndan Kawhi Leonard golaýda aradan çykan Kobi Braýantyň ady dakylan “Duşuşygyň iň gymmatly oýunçysy” (MVP) baýragyna laýyk görüldi.

Leonard duşuşykda 30 utugy öz adyna ýazdyryp, toparynyň ýeňiş gazanmagynda esasy rol oýnady.

Ýene degişli makalalar

“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy
LeBron we onuň ýoldaşlary
LeBron Jeýms we ýoldaşlary
“NBA All Star” şüweleňi
LeBron Jeýms “LA Leýkersde”
Jeýms 4-nji, Nowitski 6-njy orna geçdi