Ýeňijiler mälim edildi

Ylmyň ösüşine ýardam bermek boýunça amerikan assosiasiýasy “AAAS /Subaru Children’s Science Book Prize” ýetginjekler üçin niýetlenen iň gowy ylmy kitaplara berilýän baýragynyň ýeňijilerini mälim etdi.Baýrak maksatnamasy eýýäm, 13 ýyl bäri amala aşyrylýar.

Onuň maksady ylmyň dürli ugurlary boýunça has çuňňur bilim we doly düşünje almaga mümkinçilik berýän çagalar, ýetginjekler, ýaşlar üçin niýetlenen ýokary hilli ylmy kitaplary neşir etmekden we çap edilen işleriň awtorlaryny höweslendirmekden ybaratdyr. Şu ýyl baýraga eýe bolanlaryň arasynda “Gözellik we çüňk” (Debora Li Rouz, Jeýn Weltkamp), “Sanlardaky haýwanlar” (Stiw Jenkins), “Tilkini nädip eldekileşdirmeli?” (Li Alan Dugatkin we Lýudmila Rut), “Bu kitap ys berýär” (Sara Wassner Flinn) ýaly kitaplar bar.

Ýene degişli makalalar

Akylly şäherler geljegiň şäheri
Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar
Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar