Ýene üç sany syýasy tussagyň we aktiwistleriň işlerine gözegçilik eden MHM-niň wekiliniň atlary belli boldy

Ýene üç sany syýasy tussagyň we aktiwistleriň işlerine gözegçilik eden MHM-niň wekiliniň atlary belli boldy

“Türkmen.news” neşiri öz çeşmesine salgylanyp dört ýyl mundan owal talaňçylykda we adamyň saglygyna orta derejede şikes ýetirenlikde maddalary boýunça, hakykatda syýasy matlaply azatlykdan mahrum edilen üç sany raýatyň adyny habar berýär.

Dmitriý Medwedew Ýurýewiç (1970 ý.d.)–Mary welaýatyndan programmaçy, ALLAKM hasap toplumynyň setini işjäp taýýarlady we ony döwlet kärhanalary, hususy telekeçiler ulanýarlar.

Ol 2020-nji ýylda Lebap welaýatyndaky tebigy heläkçiliklerde zyýan çekenlere maddy kömek berendigi üçin azatlykdan mahrum edildi. Ýörite gulluklar ýaş adamy “puly Günbatardan gelenlikde” aýyplady.

Allanar Körhanow Hangeldiýewiç (1973 ý.d)-Ahal welaýatyndan DWT oppozisiýa hereketine wideýo ýollapdyr.

Allamyrat Aşurow (1955 ý.d)-“Azatlyk”Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edendigi üçin türme tussaglygyna höküm edildi, hatda,muny Radio tassyklamaýar.“Belki, adam anonim işledi” diýip “Türkmen.news” ýazýar.

Bularyň haçan azatlykdan mahrum edilendigi belli däl.

Neşir bilen habarlaşan we “özüniň MHM-ä göni gatnaşygynyň bardygyny tassyklan” beýleki çeşme bu üç sany we beýleki dört aktiwistiň: Nurgeldi Halykowyň (Türkmen.news bilen hyzmatdaşlyk edipdi), Myrat Öwezowyň (Türkmenistanda koronawirus barada goşgysyny okan wideoýosyny Ýutube ýerleşdiripdi), Sereji (hakyky kakasynyň ady) Babanyýazowyň (parahorlygy tankytlaýan listowkalary ýelmäpdi), Myrat Düşemowyň (Türkmenistanda koronawirus ýokanjy barada wideýo ýazgylary ýaýradypdy) işlerini Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministriniň başlygynyň orunbasary Orazgeldi Meredowyň alyp barandygyny habar berdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Meredow aktiwistlere garşy işleri galplaşdyrmaga ýolbaşçylyk etdi we olary sorag etmäge gatnaşdy.The post Ýene üç sany syýasy tussagyň we aktiwistleriň işlerine gözegçilik eden MHM-niň wekiliniň atlary belli boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda