ÝUNESKO-nyň web sahypasynda habar berilmegine görä, ýene on ýyldan Ýerde global suw çeşmeleriniň ýetmezçiligi ýüze çykar diýlip çak edilýär. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.
Guramanyň pikiriçe, 2030-njy ýyla çenli adamzat suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Munuň bolup bilmek ähtimallygy 40% bolup, şeýle ýagdaýyň netijelerini çaklamak juda kyn. Şol bir wagtyň özünde ýagdaýyň, koronawirus pandemiýasyndan başga-da, beýleki global meseleler sebäpli hasam çylşyrymlaşyp biljekdigi bellenilýär.
ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule dünýäde suw baýlyklaryny tygşytlamak boýunça ýeterlik tagalla edilmeýär diýip hasaplaýar. Häzir onuň gymmatyna dogry baha bermek hem-de ony köpçülige düşündirmek bilen bagly sorag ör-boýuna galýar.
"Ol diňe bir diri galmak üçin zerur bolman, eýsem, adamzat jemgyýetinde sanitariýa, sosial we medeni taýdan hem ähmiýete eýe"-diýip, baş direktor belleýär.
Mundan başga-da, häzirki wagtda suwuň iki milliarddan gowrak adama gönüden-elýeterli däldigi we suw ýetmezçiligi ýa-da onuň hiliniň erbetdigi sebäpli bütin dünýäde çagalaryň her ýyl 443 million okuw gününi sypdyrýandygy bellenilýär.