Ýene Gattiniň goly ýeňiş getirdi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze tapgyra “Ýuwentus” “Napoli” duşuşygy bilen badalga berildi. Çekeleşikli geçen oýunda turinliler 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymy golsuz gutaran duşuşykda “Ýuwentusa” ýeňiş getiren goly 51-nji minutda ýene-de Federiko Gatti geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýaş goragçy mundan öňki tapgyrda-da “Monzanyň” derwezesinden 90+4-nji minutda gol geçirip, toparyna 3 utuk gazandyran oýunçy bolupdy.Gatti möwsümdäki 3-nji goluny derwezä girizdi.

Bu ýeňişden soň 1 oýny artyk 1-nji orna geçen “Ýuwentus” çempionatda 10 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. “Serie A”-da şu gün “Werona” “Lasio” (19:00), “Atalanta” “Milan” (22:00), “Inter” “Udineze” (00:45) duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
Ibrahimowiç karýerasyny tamamlady
Italýan klublarynyň täze transferleri