Ýene-de Waýlder ýeňiş gazandy

ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen boks agşamynda iki ägirt, agyr agramyň ussatlary amerikaly Deonteý Waýlder bilen kubaly Luis Ortiz WBC çempionlygy ugrunda haklaşyk tutluşygyny geçirdi. 7-nji raundda tamamlanan duşuşykda Waýlder garşydaşyny nokaut bilen ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Şunlukda, Waýlder karýerasyndaky 43-nji duşuşygynda 42-nji ýeňşini gazandy. Şolaryň 41-sini nokaut bilen ýeňen Waýlderiň bir duşuşygy (Taýson Fýuri bilen geçiren tutluşygy) deňlikde tamamlandy.

Geçen ýylyň mart aýynda-da Waýlderden asgyn gelen 40 ýaşly Ortiz 35-nji duşuşygynda 2-nji ýola ýeňildi. Iki ýeňlişini-de Waýlderden alan Ortiz 31 gezek ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, 34 ýaşly Waýlder çempionlyk guşagyny 10-njy gezek goramagyň hötdesinden geldi.Ol bu ugurda Maýk Taýson, Lennoks Lýuwis hem-de Jou Freýzer ýaly boksuň ägirtlerinden öňe saýlanyp, amerikaly rowaýaty boksçy Muhammed Ali bilen deňleşdi.

Boksuň taryhynda çempionlygy goramakda dünýä rekordy amerikaly Jou Luize degişli bolup, ol 25 duşuşykda çempionlyk guşagyny özünde saklamagy başardy.Başga bir amerikaly Lerri Holmes 20 duşuşyk bilen 2-nji, 18 tutluşykda çempionlygy özünde saklan ukrainaly Wladimir Kliçko 3-nji hatarda barýar.

Waýlder mundan soň, ilki Taýson Fýuri bilen haklaşyk duşuşygyny geçirip, soňra-da onuň Endi RuizEntoni Joşua tutluşygynyň ýeňijisi bilen ringe çykmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
WBC guşagy ugrunda
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
Guşaklaryny yzyna aldy