Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy

Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy

Aşgabatdaky meşhur söwda merkezinde ýerleşýän barlaryň birine baran adamlar ýurt ýolbaşçylary Berdimuhamedowlaryň garyndaşynyň eden-etdiligine tötänden şaýat boldular. Azatlyk Radiosyna 6-njy ýanwarda Şamyrat Rejepowyň gatnaşmagynda ýüze çykan ýagdaýa mejbury şaýat bolan adamlar bilen gürleşmek başartdy.

6-njy ýanwarda agşam Aşgabatda Alabaý güjüginiň altyn ýadygärliginiň golaýynda ýerleşýän meşhur "Gül Zemin" söwda merkeziniň 4-nji gatyndaky "Sky-bar"-da adatdakysy ýaly köp adam ýygnandy. Şaýatlaryň aýdyşy ýaly, sagat 21: 00-dan soň birden: “Atas!

Gizlen!” diýip, gaty ses çykypdyr we barda oturan adamlaryň köpüsi dessine oturgyçlaryndan böküp: "Şammy!" diýip zaldan çalt dargap başlapdyr. Ýerlerinden butnaman galanlar esasan bara ilkinji gezek baran adamlar bolup, olar näme bolup geçýändigine düşünip hem ýetişmändir.

"Barda henizem müşderiler bardy.Birden gapydan gysga aýakly, gysga boýly semizräk bir adamyň harby serkerdäniň ýörişi ýaly ýöräp girdi, onuň ýanynda iki janpenasy bardy.Ol barmene ýakynlaşdy we oňa gygyryp başlady: "Näme üçin hemmesi ýok bolmady?!" - diýip, onuň ýüzüne ýumruk çaldy.

Geň galdyryjy ýeri, barmen hem oňa gaýtargy berdi.Soňra janpenalar barmeni tutdular we 'Şammy-ýegen' barmeni ýene birnäçe gezek urdy. Ýöne soň janpenalar barmene 200 dollar berdiler" - diýip, barda ýüze çykan ýagdaýda şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.

Bolan ýagdaýlary görenleriň sözlerine görä, Şamyrat Rejepowyň eden-etdilikli hereketleri munuň bilen çäklenmändir. Ol baryň içindäki adamlara seredip, olara azar berip başlapdyr.

"Ol baryň içinde doňup galan adamlaryň arasynda aýlanyp başlady we göwreli aýaly bilen oturan bir ýaş ýigidiň stoluna ýakynlaşdy.Oňa üns bilen seretdi-de birden gyzyň ýüzüne urdy.

Onuň adamsy böküp turdy.Howpsuzlyk işgärleri ýigidi tutdular we 'meşhur ýegen' ony ýençdi. Şondan soň zalymlary üçüsi gitdiler.Adamlar gizlenen ýerlerinden gaýdyp gelip, gaharly dargadylar" - diýip şaýatlaryň ýene biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy "Gül Zeminiň" administrasiýasy bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne söwda merkeziniň wekilleri bilen gürleşip bilmedi.

Şamyrat Rejepowyň özi bilen gürleşmek mümkin däl.

Türkmenistanyň öňki prezidentiň ýegeni we häzirki prezidentiň doganoglany Şamyrat Rejepowyň adaty adamlar babatyndaky eden-etdilikli hereketleri we onuň korrupsiýa dawalary bilen ilteşigi barada Azatlygyň we beýleki garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlarynda ençeme gezek habar berlipdi.

Il içinde “Şammy bikanunçy” ady bilen tanalýan Şamyrat Rejepow, Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly gyz dogany Durdynabat Rejepowanyň ogullarynyň biri, şeýle-de öz daýzasy Gülnabat Döwletowanyň giýewsi.Döwletowanyň 2022-nji ýylyň tomsunda Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy wezipesinden aýrylmagynyň sebäpleriniň biri hem Rejepowyň "Gyzyl ýarymaýyň" mümkinçiliklerini, hususan-da ýurda möhleti geçen çilimleri we azyk önümlerini import etmek üçin ulanmagyna bagly diýlip habar berlipdi.

"Adamlar ogluň [prezident Serdar Berdimuhamedowyň] öz dogan oglanlarynyň bikanunçylygyna gysyş etmegine begenipdi we olaryň jemgyýetçilik ýerlerinden belli bir wagtlyk ýitirim boljagyna umyt baglapdylar. Görnüşi ýaly, daýysy [Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow] häkimiýet başyna gaýdyp gelenden soň, ýegenler hem ýene gaýdyp geldiler"- diýip, Azatlygyň Aşgabadaky çeşmesi aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlige girişeninden gysga wagt soň öz daýzasyny işden aýyrmak kararyna, garyndaşlarynyň zäherli abraýyndan dynmak we täsirini azaltmak, şeýdip, öz abraýyny ýokarlandyrmak synanyşygy diýip baha beripdi. Prezident maşgalasynyň garyndaşlary köp sanly eden-etdilige we bikanun ýagdaýlarda yzygiderli baş goşup gelýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň ýene bir giýewsi Ibabekir Bekdurdiýewiň (Guga lakamy) eýeçiligindäki Botanika bagynda ýerleşen "Botanical Garden" we "Georgia" restoranlarynyň ýapylýandygy habar berildi.

Bu, 8-nji sentýabrda, restoranyň ofisianty öz kärdeşlerine pyçak bilen hüjüm edeninden soň boldy.Garaşsyz “Turkmen.news” neşiriniň şonda habar berşi ýaly, prezident Serdar Berdimuhamedow öz garyndaşlarynyň atlarynyň negatiw ýagdaýda aç-açan peýda bolmagyna gaharlanypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”
Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Serdar Berdimuhamedow daýzasyny Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy
Berdimuhamedowlaryň maşgala çaknyşygy. Prezident Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy bolan daýzasyny wezipesinden boşatdy