Ýene-de näme goşmaly?!

Islendik futbolçy transfer bolan täze toparlaryna degişlidigini resmi ýagdaýda görkezýän şertnama gol çekýär. Şol şertnamalara iki tarapyň, ýagny hem klubuň, hem-de oýunçynyň dürli-dürli maddalary goşmaga ygtyýary bolýar.

Başgaça aýdylanda, iki tarapyň-da şol wagtky ýagdaýa görä, özüne mahsus şertleri ýüze çykyp bilýär we taraplar şol şertleri resmi ýagdaýda şertnamalara girizýärler.Biz hem şol şertnamalara goýlan, goşulan şertleriň iň geň galdyryjylarynyň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.Mundan 2 ýyl ozal Italiýanyň “Ýuwentus” topary kot-d’Iwuarly ýaş futbolçy Mois Kin bilen şertnamany uzaltjak bolanda, oýunçynyň kakasy hemmäni geň galdyrjak şert goýdurýar.

Ol şertnama “Ýuwentus” toparynyň özüne ýer sürmek üçin traktor alyp bermeli diýen maddany goşdurýar. Ýogsam şertnamanyň möhletini uzaltmakdan boýun towlap biljekdiklerini belleýärler.Soňlugy bilen, oýunçy şertnama baglaşýar. Ýöne futbolçynyň daýhançylyk bilen meşgullanýan kakasynyň bu beýanaty şol wagtlar futbol dünýäsinde hemmäniň ünsüni özüne çekipdi.Şwesiýaly Stefan Şwars 1999-njy ýylda “Walensiýadan” “Sanderlende” transfer bolýar.

Iňlis kluby Şwarsyň menejeriniň 2002-nji ýyldan soň, kosmosa uçmak meýliniň bardygyny we ýer aýyrdyp goýandygyny öwrenýär. “Sanderlend” toparynyň ýolbaşçylary Şwarsyň şertnamasyna onuň kosmosa uçup gitmeginden howatyrlanyp, “Kosmosa uçmaly däl” diýen maddany goşdurýar.Dünýä belli brazil ýyldyzy Ronaldinio 2014-nji ýylda Meksikanyň “Kuerertaro” klubuna transfer bolanda, şertnama öýünde suwa düşmek üçin howuz, kenarýaka futbolyny oýnamak üçin çägeli meýdança, 7×7 adamlyk kiçi futbol meýdançasy hem-de 4 sany hyzmatkär bilen üpjün edilmeli diýen maddalary goşdurýar. Şeýle-de Ronaldinio 2011-nji ýylda “Flamengo” toparyna geçende bolsa, şertnamasyna “Hepdede 2 gijäni öýünden daşarda geçirip biler” diýip ýazdyrýar.Kongoly futbolçy Rolf-Krstel Guie-Mien 1999-njy ýylda “Karlsrue” toparyndan “Aýntrahta” transfer bolanda, “Futbolçynyň aýalyna nahar bişirmek boýunça ýörite sapak berler” diýen şert bilen şertnama gol çekýär.Kot-d’Iwuarly hüjümçi Žerwinio “Romadan” Hytaýyň “Hebei Çaýna Fortune” toparyna transfer bolan mahaly, şertnama maşgalasy üçin aýratyn öý, özüne degişli ýörite emeli kenar, bir dikuçar hem-de islän wagty öýüne gidip-gelmek üçin awiabiletleri goşdurýar.Germaniýaly derwezeçi Georg Koh 1997-nji ýylyň tomsunda Gollandiýanyň PSW toparyna geçýär. Şonda ol şertnama “Jynsparazlyk, milletparazlyk bilen baglanyşykly birahat edilen ýagdaýynda şertnamany bir taraply ýatyrar” diýlen maddany goşdurýar.

Ol 3 aýdan soň, şol şertnama esaslanyp, ýene-de öňki kluby “Arminia Biefelde” gaýtmaly bolýar.Germaniýanyň “Alemaniýa” topary Eujen Hahy 1999-njy ýylyň 1-nji iýulynda tälimçilige bellände, klub şertnama “8 tapgyrdan soň, ligadan gitjek aşaky klublar bilen arasyndaky aratapawut 3 oçkodan az bolsa, öwez tölegsiz topardan ugradylar” diýen maddany goşýar.

Hah oktýabra çenli kluby “howply zolakdan” daşda saklasa-da, soňunda şertnama boýun bolmaly bolýar we klubdan ugradylýar.Germaniýaly hüjümçi Juseppe Reýna 1996-njy ýylda “Arminia Biefelde” gelende, şertnamasyna “Klub her ýyl üçin özüne bir öý gurup bermeli” diýen maddany ýazdyrýar. Ýöne şertnamada öýüň aýratynlyklary, onuň fiziki şertleri, ölçegleri we garaz ş.m.

zatlar barada hiç hili bellik goýulmaýar.Ahyrynda-da topar şol madda laýyklykda, oýunçynyň şertnamasy tamamlanýança her möwsümiň ahyrynda oňa öý sowgat edýär. Ýöne bu hakyky öý däl-de, lego oýnawaçlaryndan ýasalan öý bolýar.Gollandiýaly ýyldyz hüjümçi Dennis Bergkampyň uçar bilen uçmakdan gorkýandygyny hemmeler bilýän bolsa gerek.

Ol “Arsenal” bilen şertnama baglaşanda, “Toparyň uçar bilen gidýän myhmançylykdaky duşuşyklaryna gatnaşmaga mejbur däl” diýen maddany goşdurýar.Bergkamp “Arsenalda” 11 ýyl çykyş edýär we adyny diňe bu toparyň däl, eýsem, dünýä futbolynyň-da rowaýaty oýunçylarynyň hataryna ýazdyrmagy başarýar.Angliýaly futbolçy Neil Ruddok 2000-nji ýylda “Kristal Pelese” gelende, topar şertnamasyna “Futbolçy 99,8 kilogram agyrlykdan geçse, ol aýlyk hakynyň 10 göterimini jerime hökmünde tölär” diýen setirleri goşýar.

Ruddok 6 aýyň dowamynda 8 gezek jerime tölemeli bolýar.Häzirki wagtda “Liwerpulda” oýnaýan Aleks-Oksleýd Çemberleýn 2011/2012 möwsüminiň başynda “Sauthemptondan” “Arsenala” transfer bolýar. Şonda onuň öňki kluby şertnama “Ilkinji 3 möwsümde çempionatda 20 minutdan köp oýnan her duşuşygy üçin 10 müň funt goşmaça tölemeli” diýen maddany girizipdi. 1993-nji ýylda doglan oýunçy ilkinji 3 möwsümiň dowamynda oýna soňundan goşulan 32 duşuşygynyň diňe 5-sinde 20 minutdan köp çykyş etdi.Rowaýaty ýyldyz futbolçy, argentinaly Diego Armando Maradona Dubaýyň “Al-Wasl” toparynyň tälimçisi bolanda, gyzyny we agtygyny islän wagty görmäge Ispaniýa gitmek üçin ýörite uçar bilen üpjün edilmeli diýen şert goýýar.Azda-kände gaharjaňlygy, dawaçyllygy bilen tanalýan, hatda kähalatlarda itekleşmekden hem gaýtmaýan braziliýaly goragçy Tiago Silwa 2012-nji ýylda “Milandan” PSŽ toparyna transfer bolýar. Şonda parižliler onuň şertnamasyna “Topar, oýunçylar, toparyň beýleki işgärleri hem-de janköýerler barada otrisatel beýanat bermeli däl.

Klubuň abraýyna zeper ýetirip biljek gürrüňlerden daşda durmaly.Janköýerler bilen mähirli bolmaly.Meýdançada we daşynda topardaşlaryna, garşydaş toparyň oýunçylaryna, eminlere garşy gödek hereketler etmeli däl” diýen maddany girizýär.Argentinaly ýarymgoragçy Anhel Di Mariýa 2014/2015 möwsüminde “Real Madridden” “Mançester Ýunaýtede” 60 million funt sterlinge golaý baha transfer bolupdy. Şonda ispan tarapy argentinaly oýunçy üçin kluba “Altyn top gazansa, ýene-de 5 million funt bermeli” diýip, şert goşýar.Häzirki wagtda “Liwerpulda” oýnaýan Aleks-Oksleýd Çemberleýn 2011/2012 möwsüminiň başynda “Sauthemptondan” “Arsenala” transfer bolýar. Şonda onuň öňki kluby şertnama “Ilkinji 3 möwsümde çempionatda 20 minutdan köp oýnan her duşuşygy üçin 10 müň funt goşmaça tölemeli” diýen maddany girizipdi. 1993-nji ýylda doglan oýunçy ilkinji 3 möwsümiň dowamynda oýna soňundan goşulan 32 duşuşygynyň diňe 5-sinde 20 minutdan köp çykyş etdi.Fransiýanyň “Monako” toparynda oýnaýan kolumbiýaly hüjümçi Radamel Falkao 2013/14 möwsüminiň ikinji ýarymynda dyzyndan alan şikesi sebäpli, meýdança çykyp bilmeýär.

Ol 2014/2015 möwsüminde “Mançester Ýunaýtede” kärendesine transfer bolanda, iňlis kluby şertnama “Ozal şikes alan dyzyndan ýene-de şikes alsa, oýunçynyň transferi goýbolsun ediler” diýen maddany goşýar. Ýöne ýyldyz hüjümçi şol möwsümde iňlis klubunyň düzüminde 26 duşuşyk geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
LeBron Jeýms “LA Leýkersde”
Sport habarlary
51 ÝYLLYK REKORDY TÄZELEDI
32 oýundan soň tamamlandy