
Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda, ekstremist terror guramasyna agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Terrorçylar nirede bolsa şol ýerini nyşana alarys. Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz, Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ýerleri anyklanylan PKK/ÝPG-li 7 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory dolulygyna ýok etmek üçin egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýildi.