Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler etrapçasynda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Bestler Dereler etrapçasynda ATAK dikuçarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde operasiýanyň geçirlendigini nygtady.

Opersiýada 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Ýerlikaýa, “Terrorçylaryň 7-nji iýunda Siirtde 1 esgerimiziň şehit bolmagyna, 1 esgerimiziň hem ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi gurandyklary anyklandy. Opersiýa gatnaşan gahryman esgerlerimizi gutlaýaryn. Eziz halkymyz siziň bilen buýsanýar. Terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Soňky 1 Hepde-de 43 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 8 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Murat Keleş Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Mahmut Agja Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi