Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

EURO 2024-de çykyş etjek ýygyndylaryň hataryna ýene biri goşuldy.Saýlama tapgyrynyň J toparçasynda öz meýdançasynda Islandiýany 4-2 ýeňen Slowakiýa Portugaliýadan soň toparçada 2-nji ýeri eýelemäge hukuk gazandy we çempionatyň final tapgyryna ýollanma aldy.

Kuçka (30), Duda (36 p), Harasliniň (47, 55) gollary bilen garşydaşyny 4-2 hasabynda ýeňen slowaklar bassyr 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik ederler.

Toparçanyň lideri Portugaliýa myhmançylykda Lihtenşteýni Ronaldo hem-de Kanselonyň gollary bilen 2-0 ýeňdi. Saýlama tapgyrynda 10-njy goluny geçiren Ronaldonyň milli ýygyndydaky gollarynyň sany 128-e ýetdi.

Ýewropa çempionatynyň bosagasyndan gaýdan Lýuksemburg öz meýdançasynda Bosniýa we Gersegowinany 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýöne bu ýeňiş olara ýeterlik bolmady.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy Uels bilen duşuşyk geçirer
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy