Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler

Ýene 500 ýyldan Ýaponiýada ýeke-täk familiýa galyp biler

Ýene 500 ýyldan, ýagny 2531-nji ýylda ýaponlaryň ählisi Sato diýen familiýany götererler. Alymlar matematiki modelirleme netijesinde şeýle netijä geldiler diýip, ýerli Mainichi gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kanuna görä, Ýaponiýada aýaly hökman adamsynyň familiýasyny almalydyr. Häzirki wagtda bolsa, ýurtda iň köp ýaýran familiýa Sato bolup, ony ilatyň 1,5 göterimi göterýär.

Hünärmenler ýene 500 ýyldan bu familiýa ähli beýleki familiýalary gysyp çykarar diýip çaklaýarlar. Eger kanunçylyga üýtgetme girizilip, aýallara gyz familiýasynda galmaga rugsat edilmese, ýaponlaryň ählisi Sato familiýaly bolar.

Netijede, olaryň ýa-ha atlaryny tutmaly, ýa-da belgilemeli bolar diýip, barlaglary geçiren Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýesida aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Abatlamak üçin täze usul döredildi
Bilim ulgamynyň hünärmenleri dil öwretmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi