Afrikanyň günorta-gündogar kenaryndaky Madagaskar ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Madagaskar Grenlandiýadan, Täze Gwineýadan we Borneodan soň, dünýäde dördünji uly ada hasaplanýar.Afrika yklymyndan, takmynan, 400 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu adada gyzyl lemura, alabeder lemura, tomato gurbagasyna, Aý kebelegine, tropik badam agajyna, Aziýa şalysyna, areka palmalaryna, altyn surnaý gülüne duş gelmek bolýar.
Madagaskarda ösýän täsin ösümlikleriň hatarynda syýahatçynyň palmasy (ravenala) ady bilen tanalýan agajy hem görkezmek bolar.
Madagaskaryň endemik ösümligi bolan syýahatçynyň palmasy ýelpewaja meňzeş ýapraklary bilen owadan görnüşi emele getirýär.Bu tropik ösümlige yssy howa ýaramly bolup, 30 metre çenli ösüp bilýär.Agajyň ýapraklary merkezi baldakdan 45 dereje aralykda ýerleşýär. Ýapraklar agaçdan göni çykyp, 4 metre çenli ösüp bilýär.
Syýahatçynyň palmasynyň geň tarapy ýapraklarynyň gündogar-günbatar tarapy görkezmegidir. Ýagny ýapraklaryň ýarysy gündogara, ýarysy bolsa günbatara tarap ösýär.Irki döwürlerde agajyň kompos hökmünde ulanylandygy baradaky maglumatlar bar.Häzirki wagtda hem Madagaskaryň ýaşaýjylary ugry kesgitlemek üçin bu agaçdan peýdalanýarlar.
Agajyň gök öwüşginli gülleri ýapraklarynyň aralygynda ýerleşip, ys bölüp çykarmaýar.Agajyň süýji gülleri lemurlaryň esasy iýmiti bolup, bu jandarlar gülüň şiresini iýmek üçin daşyndaky gaty gabygy açýarlar.Agajyň tozanlandyrma işini lemurlar we uly mör-möjekler amala aşyrýar.
Syýahatçynyň palmasy tohumyndan ýa-da düýbünden kök urmak arkaly köpelýär.
Syýahatçynyň palmasy çalt ösýändigi hem-de owadan görnüşi bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Agajyň baldagynda köp mukdarda suw saklanýar. Şol sebäpli gurak howa şertlerinde suwsuzlygyň öňüni almak üçin agaçdan peýdalanyp bolýar. Dünýäniň uly botanika baglarynda bu agajyň ösüp oturan meýdanlaryny görmek bolýar. Syýahatçynyň palmasy käbir şäherlerde bezeg ösümligi hökmünde ekilýär.