Ýelizawetanyň platina ýubileýine bagyşlanan dabaralar

On müňlerçe britaniýaly Şa zenan Ýelizaweta II-iň dolandyran döwrüniň platina ýubileýine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Londonyň köçelerine çykdylar. Bu baýramçylyklar 2-5-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýada bellenilip geçilýär. Giň gerimli çäreler, şol sanda Ýelizaweta II-iň britan tagtyna geçmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýörişler Londonda guralýar.

2-nji iýunda 1953-nji ýylda bolup geçen Ýelizaweta II täç geýmeginiň 69 ýyllygy bellenildi. Londonlylaryň köpüsi Bukingem köşgüne barýan esasy köçelere çykyp, orkestrleriň ýörişini mübärekläp, britan baýdaklaryny galdyrdylar. Köpler ol ýerdäki uly ekranlardan dabaralara tomaşa etmek üçin seýilgählere bardylar.

Baýram Londonyň merkezindäki “Trooping the Color” harby parady bilen başlandy. Günortan Beýik Britaniýanyň ähli ýerinde artilleriýa salýuty ýaňlanyp başlady. Agşam çagy tutuş ýurt boýunça maýaklary ýakdylar we Şa zenan Windsor galasyndaky esasy maýagyň yşyklandyryş dabarasyna gatnaşdy.

Şazada Uilýamyň aýaly, Kembrijiň gersogy Keýt üç çagasy bilen birlikde, şeýle-de şazada Çarlzyň aýaly Kornuall Kamilla dagy ýubileýi bellemek üçin Bukingem köşgüne ilkinji bolup geldiler. Soňra şazada Çarlz we William şeýle-de Şa zenanyň gyzy, şazada Anna dagy ata münüp geldiler.

Esasy çäräniň ertir 4-nji iýunda agşam Bukingem köşgüniň öňündäki meýdançada geçirilmegine garaşylýar. Şa zenanyň hormatyna köpçülikleýin dabaralar bolar. Sahnada dünýä belli sazandalar we aýdymçylary çykyş eder. Bu sergä 30 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde, 96 ýaşly Şa zenanyň bu çärelere özüniň gatnaşmagynyň, garrylygy sebäpli başdan geçirýän kynçylyklary sebäpli belli bir derejede çäklendiriljekdigini habar berilýär.

“Beýik Britaniýada we Arkalaşygyň hemme ýerinde meniň platina ýubileýimi bellemek üçin gatnaşanlaryň hemmesine sag bolsun aýdýaryn” diýip, Şa zenan bir gün öň ýaýradan beýanatyna aýtdy. “Maňa bildirilen hoşniýetlilikden ylham almagymy dowam etdirýärin. Biz geljege ynam we joşgun bilen garanymyzda, soňky 70 ýylda gazanylan zatlaryň ählisi hakda pikirlenmäge mümkinçilik döreder” diýip, Ýelizaweta II belledi.

Ýelizawetanyň britan tagtyna çykmagynyň 70 ýyllygy, Şa zenanyň 2021-nji ýylyň aprelinde 99 ýaşynda aradan çykan adamsy Filippsiz geçiren ilkinji ýubileýidir. Ýelizaweta II 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda 25 ýaşynda tagta çykdy. Şol gün kakasy Korol Georg VI aradan çykdy. Ýelizaweta II ýurdy dolandyran döwründe Winston Çerçilden başlap, Boris Jonsona çenli 14 Premýer-ministr çalşyldy.

Ýene degişli makalalar

Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar