Ýelizaweta II Trassyň hökümetindäki ministrleriň bellenmegini makullady

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II ýurduň täze Premýer-ministri Liz Trassyň hökümetindäki ministrleriň bellenmegini tassyklady. Bu barada britan hökümetiniň web sahypasynda mälim edilýär.

Britaniýanyň daşary işler ministri bolup işlän Trass 5-nji sentýabrda Konserwatiw partiýanyň başlygy wezipesine saýlandy. 6-njy sentýabrda Şa zenany Ýelizaweta II täze Premýer-ministre hökümet gurmagy tabşyrdy.

Demirgazyk Irlandiýanyň işleri boýunça öňki ministr Brendon Lýuis adalat ministri boldy.Maliýe ministriniň orunbasary Saýmon Klark ýaşaýyş we durmuş meseleleri boýunça ministri wezipesine, içeri işler ministriniň orunbasary Kit Molthaus bilim ministri wezipesine bellendi. Öňki bilim ministri Mişel Donelan medeniýet, metbugat we sport işleri boýunça ministri wezipesine, Maýkl Ellis bolsa täze baş prokuror hökmünde tassyklandy. Öň Konserwatiw partiýanyň başlygynyň saýlawlaryna gatnaşan Kemi Badenok, daşary söwda ministri wezipesine bellendi we bu wezipäni eýelän Anne-Mari Trewelýan ulag ministrliginiň başlygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Möhletinden öň saýlawlar geçirildi
Donald Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawynda dalaşgär bolarmy?
Beýik Britaniýanyň hökümeti ynam sesini aldy
Sekiz dalaşgär dalaş edýär
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi