Ýel energiýasynda rekord goýdy

Angliýada 2020-nji ýyldaky 68 terawat/sagat bolan ýel energiýa önümçiligindäki rekord tamamlanyp barýan ýylda 74 terawat/sagada ýetdi. Ýurtda ýeliň köp öwüsmegi we has köp turbinanyň gurulmagy önümçiligiň görnetin artmagyna getirdi.

Ada döwleti Ýewropanyň ýel energiýasyny öndürmekde iň amatly howa şertleriniň bar bolan ýurtlarynyň biri bolan Angliýa sebitde iň köp suwüsti ýel turbinasynyň bolan ýurdy hasaplanýar. Ýurduň “National Grid” energiýa kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ýel beketleri şu ýyl 19 million öýi energiýa bilen üpjün edip biljek 74 terawat/sagat elektrik energiýasyny öndüripdir.

Rekord derejedäki önümçilik baradaky habar täze deňizüsti ýel turbinalarynyň işe girizilmeginden soňra mälim edildi.Geljek ýylyň tomus aýlarynda SSE we “TotalEnergies” kompaniýalarynyň bilelikdäki “Seagreen” atly suwüsti bekediniň işe giriziljekdigi aýdyldy.

Bu ýel energiýa bekediniň önümçilik kuwwatynyň 1,1 gigawata ýetýär. Ýurdyň şu onýyllygyň ahyryna çenli häzirkiden üç essä çenli köp önümçiligiň bolmagyna garaşylýar.munuň üçin bolsa, iti taslamalar durmuşa geçirilip, täze rekordlar goýlar.

Munuň üçin diňe kenardan uzakda däl, eýsem gury ýerde hem ýel beketleri gurlar.

Güljahan Meredowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Arkadag geljegiň şäheri
Türkmen ýaşlarynyň wekilleri iňlis dili boýunça bäsleşdiler
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda