Ýel elektrik beketlerini gurýar

Germaniýanyň energiýa kompaniýasy EnBW dünýädäki iň uly deňiz ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy.Taslama British Petroleum bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýanyň territorial suwlary ýel elektrik beketleriniň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlandy, sebäbi bu ýurt ýel energiýasyny ulanmaga çynlakaý gyzyklanma bildirýär. Şertnama boýunça ýel elektrik beketleriniň Irland deňzinde, Liwerpul bilen Men adasynyň aralygynda gurulmagy meýilleşdirilýär.

Jemi kuwwaty 3000 megawatt bolar diýlip çaklanylýan bu ýel elektrik beketleri häzire çenli EnBW tarapyndan amala aşyrylan iň uly taslamalaryň biri bolar.Bu EnBW bilen British Petroleum-yň arasyndaky ilkinji bilelikdäki taslamadyr.

Taslamanyň gurluşygynyň 2028-nji ýylda tamamlanyp, ulanmaga berilmegine garaşylýar.

The post Ýel elektrik beketlerini gurýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi
Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär
Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisi Hytaý, epidemiýanyň fonunda, gaz importyny azaldýar
Maryda benzin gytçylygy emele geldi
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär