Ýekegulak köpek dili bilen surat çekip, internetde meşhur boldy

Ýekegulak köpek dili bilen surat çekip, internetde meşhur boldy

Internetdäki sosial ulgamlaryň gahrymany Wan Gog lakamly ýeke gulakly köpek boldy, ol surat çekýär, çotganyň ýerine bolsa dilini ulanýar. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berdi.

Surat: mixnews.lv

Köpegi ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda geçýän iti uruşlarynyň weterinar klinikasyna getirdiler. Ol birgiden şikes alypdy, üstesine kellesinde ýaryk yzlary-da bardy. Köpegiň gulagynyň birini kesip aýyrmaly bolupdyr, şondan soňra oňa Wan Gog diýip at beripdirler.

Agyr şikeslerden ünsüni sowmak üçin meýletinçi Žaklin Gartner oňa dili bilen surat çekmegi öwredipdir, ol munuň üçin Wan Goguň impressionistik eserleriniň birnäçesini görkezipdir, olar ýeke gulakly köpege ýarapdyr. Netijede, it surat çekmäge başlapdyr. Onuň dili bilen çeken suratlarynyň 30-syny her birine 40 dollardan töläp satyn alypdyrlar. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi
Gazagystanyň Ozalky Goranmak Ministri Murat Bektanow Saklandy
Ruslan Žaksylykow Gazagystanyň Goranmak Ministri Boldy
Indoneziýanyň Täze Paýtagtynyň Ady Nusantara Bolar