Türkmenistanda adamlaryň pandemiýa çäklendirmeleri arasynda çuňlaşan kynçylyklary saklanyp galýar, ýöne olar “ýegenlere” degişli däl diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.
Karantin sebäpli ýapylan bazarlar, dükanlar 15-nji oktýabrda hem açylmady, indi olaryň 1-nji noýabra çenli ýapyk galjakdygy duýdurylýar diýip, Lebapdaky habarçymyz habar berýär.
Bazarlardaky söwda karantini Aşgabatda hem bölekleýin saklanyp galdy, şol gün bazarlaryň açylmagyna umyt baglan adamlar gaty lapykeç boldy diýip, paýtagtdaky habarçymyz aýtdy.
Söwda karantinini’ 1-nji noýabra çenli uzaltdylar, onuň ýyl aýagyna çenli saklanjakdygy barada hem gürrüň edilýär, ýöne, söwda nokady üçin kärende tölegini tölemeli adamlaryň ýüzlerçesiniň döwüm çörek üçin pul gazanyp bilmeýän wagtynda prezidentiň garyndaşlaryna degişli söwda nokatlarynyň ählisi işleýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.
"Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkezindäki kärendeçiler şu gün gaharlanyp, “nädip ýaşamaly?” diýip soradylar.
Işlemäge rugsat berilmeýän adamlar dükanlaryndaky azyk önümleriniň zaýalanýandygyny aýdýarlar, munuň üstesine olar söwda ýerleri üçin kärrende tölegini hem tölemeli. Şeýle-de olar adamlaryň ala tutulmagyndan nägile bolýarlar diýip, redaksiýa 15-nji oktýabrda gelen maglumatda aýdylýar.
“Bize işlemäge rugsat bermeýärler, emma täze gurlan “Aşgabat” söwda merkezi işleýär, Rus bazary, Teke bazary işleýär. Kärende üçin söwda edýän ýeriň her inedördül metrine aýda 9 manat tölemeli” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Çoganlydaky Jygyllyk bazaryny hem açmadylar. Ol ýerde hem adamlar kärende üçin töleg tölemeli. Eger-de gadaganlyk ýagdaýynda işlejek bolsaň, aýda 1 müňden iki müň manada çenli pul bermeli.
Şu aralykda Köpetdag etrap häkimliginiň, sanitar-epidemologiýa gullugynyň wekilleri, ýangyn söndürijiler “Parahat” etrapçasyna aýlanyp, jerime salmak haýbatyny atyp, adamlardan “paç” ýygnaýarlar diýip, habarçy aýtdy.
Parahat etrapçasyndaky protokol köçede, Andalybyň ugrunda ýerleşýän täjirçilik dükanlaryny hem ýapmagy buýurdylar. Häkimligiň wekilleri bu buýrugy “ýokardan, dilden berlen görkezmä” salgylanyp berdi.
Emma muňa garamazdan, karantin we pandemiýa başlaly bäri, “ýegenler” diýip bilinýän adamlara degişli dükanlar gije-gündiz işledi we işleýär diýip, habarçy aýtdy. Hususan-da ol “ýegenleriň” 30-njy etrapçadaky, Ýerewan köçesindäki dükanlaryny mysal getirdi.
Şu döwürde “maşgala” degişli bolmadyk awtosalonlaryň, awtoulag ýuwulýan nokatlaryň ählisi ýapyk, işlemeýär diýip, azatlygyň habarçysy habar berýär.
Lebapdaky habarçymyz hem bazarlaryň, dükanlaryň indiki aýa çenli ýapyk galjakdygyny aýdýar.
Ýatlatsak, Türkmenabatdaky dükanlaryň ählisi, şol sanda egin-eşik, gurluşyk dükanlary, bazarlar 1-nji sentýabrdan bäri ýapyk bolup, söwda girizilen karantiniň 15-nji oktýabrdan başlap gowşadyljakdygy aýdylypdy. Emma bu wada, häzirki ýagdaýdan çen tutulsa, boş çykdy.
Ýurtda resmi hasaba alnan koronawirus hadysasynyň ýokdugyny tassyklaýan hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen onlaýn maslahatynda il içindäki keselçilik ýagdaýlary, şol sanda söwda nokatlaryna, müňlerçe adamyň ýeke-täk iş ýeri, gazanç çeşmesi bolan bazarlara, dükanlara girizilen çäklendirmeler, olaryň haçan aýryljakdygy barada hçi bir gürrüň edilmedi.
Azatlygyň habarçylary COVID-19 aladalarynyň arasynda girizilen çäklendirmeleriň ozalam kyn ýagdaýda işläp gelen telekeçileriň bir toparyny batyrandygyny, şu aralykda çagaly dilegçileriň hem köpelendigini habar berdiler. Emma häkimiýetler ýurtdaky ykdysady çökgünlik, işsizligiň hakyky derejesi, pandemiýa döwründe işini ýitiren adamlar, gazanç, eklenç üçin ýurtdan çykan adamlaryň möçberi, olaryň yzynda galan maşgala agzalaryna iberýän serişdeleri barada hiç bir maglumat bermeýär.
Golaýda syzyp çykan maglumatlarda Türkmenistanyň pandemiýa döwründe COVID-19-dan ýogalan 25 müň gowrak raýatyny hasaba alandygy aýdylýar. Şu aralykda prezidentiň ýegenleriniň döwlet dükanlaryndan öndürilýän önümleriň söwdasyndan uly gazanç edýändigi baradaky derňew maglumatlary çap edildi. Emma resmi Aşgabat bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.