Ýedi müňýyllyk taryhy bar

Saud Arabystanynda 50 ýyl mundan ozal üsti açylan gaýalyklaryň 7 müň ýyllyk taryhynyň bardygy mälim boldy. 200 müň inedördül kilometr meýdany tutýan bu binalaryň däp-dessurlary ýerine ýetirmek üçin ulanylandygy çaklanylýar. Ýurduň demirgazyk-günbatar sebitindäki binalaryň Müsürdäki piramidalardan we Angliýadaky Stounhenjden hem ozal gurlandygy bellenilýär.

Bu binalara kubik manysyny berýän mustatil diýilýär. 1970-nji ýyllarda üsti açylan mustatiller entek doly öwrenilmedi.Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň hünärmeni Hýug Tomas we onuň ýolbaşçylyk edýän topary mustatilleriň çaklanylyşyndan iki esse köp meýdany eýeleýändigini ýüze çykardylar.

Tomas binanyň uludygyna ýanyna baranyňda has gowy göz ýetirýändigiňi aýdýar.Bu desgalar daşlaryň üst-üstüne goýulmagy bilen gurlupdyr.Desganyň gurluşygynda ulanylan daşlaryň ulusynyň agramy ýarym tonna barabar.

Sebitde müňe golaý desga bolup, olaryň diwarlarynyň uzynlygy 20 metrden 600 metre ýetýär.Saklanyp galan böleginiň beýikligi bolsa, bary-ýogy 1,2 metre barabar.Hünärmen bu desgalaryň daşky howplardan goranmak maksady bilen gurlan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Gadamdurdy Hojamyradow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post Ýedi müňýyllyk taryhy bar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Jek Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini terk edýär
Dünýäde iň gadymy düýe heýkelleri ýüze çykaryldy
Saud Arabystanynda Stounhenjden gadymy ýüzlerçe bina tapyldy
24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi
Görkeziljek wagty mälim edildi