ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Ýerewan döwlet uniwersiteti gündogary öwreniş fakultetiniň binýadynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmenistanyň türkmen dili, taryhy we medeniýeti merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi.

Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri professor Aleksandr Safarýanyň Neýtralnyý Türkmenistan gazetiniň sahypalarynda habar berşi ýaly, täze merkez türkmen halkynyň öwrenilmegine hem-de ermeni we türkmen ýazyjylarynyň arabaglanyşygyny güýçlendirmäge itergi berer.

Safarýanyň bellemegine görä, Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmen dili, taryhy we medeniýet merkezi Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çäginde dörediler.

— Ýetip gelýän 2024-nji ýylda Ermenistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze ylmy işler we onuň eserleriniň dünýäniň dürli dillerine edilen terjimeleri çap ediler. Elbetde, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bähbitli, esasanam ylmy ugurdaky hyzmatdaşlyk täze ylmy neşirler we täze terjimeler ýygyndysy görnüşinde önjeýli netijeleri bermegini dowam eder — diýip, ermeni professory nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Ermeni şahyry Warujan Hastura Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly gowşuryldy
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal