ÝÇL-iň çärýek final tapgyrynyň ýene iki gatnaşyjysy belli boldy. Has takygy, Mançester Siti hem-de Inter toparlary çärýek finala ýollanma aldylar.
Öz öýünde Leýpsigi kabul eden Mançester Siti 7:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollaryň bäşisini Holland öz adyna ýazdyrdy, şeýle-de şäherlileriň düzüminde Ilkaý Gündogan we Kewin de Bruýne hem tapawutlanmagy başardy.
Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, Mançester Siti indiki tapgyra ýollanma aldy.Parallel wagtda geçen oýunda Portu Interi myhman aldy.
Duşuşyk golsuz deňlikde tamamlandy.Bu jübütiň deslapky duşuşygynda 1:0 hasabynda Inter ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, çärýek finalyň ýollanmasy hem Intere nesip etdi.
Aşgabat wagty bilen 16-njy martda sagat 1:00-da geçiriljek Napoli — Aýntraht (deslapky oýun 2:0) hem-de Real — Liwerpul (deslapky oýun 5:2) oýunlary bilen ÝÇL-iň 1/8 final tapgyry tamamlanar. Oýunlar Matç tv we holdingiň beýleki ýaýlymlary arkaly Türkmenistanyň çäginde göni ýaýlymda efire goýberiler.
Ýeri gelende bellesek, häzire çenli Bawariýa, Çelsi, Milan, Benfika, Mançester Siti we Inter ýaly klublar çärýek final ýollammasyna eýe çykdylar.