
Düýn agşam ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin pleý-off oýunlarynyň deslapky duşuşyklaryň üçüsi oýnaldy. Şotlandiýada Niderlandlaryň çempiony PSW-ni kabul eden Reýnjers 2-2 hasabynda deň oýnady.
Norwegiýada ýerli Bude-Glimt Horwatiýanyň Zagreb şäheriniň Dinamosyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de Daniýada Kopengageniň myhmany bolan Türkiýäniň çempiony Trabzonspor 2-1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.
Pleý-off jübütlikleriniň arasyndaky deslapky oýunlaryň beýleki üçüsi şu gün agşam geçiriler. Jogap oýunlary 23-24-nji awgust günlerinde oýnalar.
Maglumat üçin, ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda ýeňe toparlar ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna, ýeňlenler bolsa Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşarlar.
ÝÇL. Pleý-off tapgyry. Deslapky duşuşyklar:
Reýnjers Şotlandiýa — PSW Niderlandlar 2:2
Gollar: Sangare (37), Lourens (70) — Çolak (40), Obispo (78);
Bude-Glimt Norwegiýa — Dinamo Zagreb, Horwatiýa 1:0
Gollar: Pellegrino (37);
Kopengagen Daniýa — Trabzonspor Türkiýe 2:1
Gollar: Klasson (9), Lerager 48 — Bakasetas (79).
Bu günki geçiriljek duşuşyklar: