
Düýn agşam Ýewropa Çempionlar ligasynyň AD toparçalarynda soňky — 6-njy aýlawyň oýunlary geçirildi. Duşyşyklarda hasaba alnan netijelere görä, ýaryşda pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan toparlaryň sany 14-e ýetdi.
Olaryň arasynda Çelsi, Liwerpul, Mançester Siti, Tottenhem (hemmesi Angliýa), Bawariýa, Borussiýa Dortmund, Aýntraht (hemmesi Germaniýa), Napoli, Inter (ikisem Italiýa), Portu, Benfika (ikisem Portugaliýa), Real (Ispaniýa), PSŽ (Fransiýa) hem-de Brýugge toparlarynyň ady bar.
Bu gün agşam ÝÇL-iň beýleki dört kwartetinde hem soňky aýlawyň oýunlary geçirilip, olarda pleý-off tapgyryna ýollanma berýän ýene iki ýollanma üçin Milan we Zalsburg, şeýle-de Leýpsig we Şahtýor toparlary dalaş edýärler.