ÝÇL 1/8 final: Inter Lukakunyň ýeke-täk goly bilen Portuny ýeňdi

ÝÇL 1/8 final: Inter Lukakunyň ýeke-täk goly bilen Portuny ýeňdi

Italiýanyň Inter kluby ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda öz öýünde Portuny ýeňlişe sezewar etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu duşuşyk Türkmenistanyň çäginde Futbol 1 teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi.

Oýun 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Interiň ýeke-täk goluna 86-njy minutda Romelu Lukaku awtorlyk etdi.

Ýeri gelende, 78-nji minutda Edmilson Otawionyň meýdançadan kowulmagy netijesinde portugal toparynyň bir oýunçy azlykda galandygyny bellemek gerek.

Bu klublaryň arasyndaky jogap oýny 14-nji martda Portunyň meýdançasynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Çelsi we Tuhel barada...
Holann het-trikleriň hökümdary
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
DÇ-2022: Belgiýa Horwatiýa bilen deň oýnap, ýaryş bilen hoşlaşdy
Belgiýalylar öýlerine gaýtdylar, Marokko bilen Howatiýa 1/8 finala çykdy
Çaloba Çelside galmasa-da, Londonda galyp biler