Ybraýym Ysmaýyl Malaýziýanyň Patyşasy boldy

Malaýziýanyň Hökümdarlar maslahaty anna güni Johor ştaynyň soltany Ybraýym Ysmaýyly ýurduň 17-nji Patyşasy wezipesine saýlady.Onuň 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda resmi taýdan tagta geçjekdigi barada “Bernama” habar gullugy mälim etdi.

Täze döwlet Baştutanyny saýlamagyň tertibi, paýtagt Kuala-Lumpurdaky monarhyň rezidensiýasyn ýerleşýän ýeri Istana Negara köşgünde geçirildi. “New Straits Times” gazeti ozal Malaýziýanyň häzirki ýokary lideri Abdullah Riaýatuddin Al-Mustafa Billahyň öz ygtyýarlyklaryny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Ol 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwaryndan bäri wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýurduň ýokary ýolbaşçysy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Konstitusiýa laýyklykda, hökümetiň islendik karary onuň adyndan we razylygy bilen kabul edilýär, ýöne iş ýüzünde monarh hökümetiň ýa-da mejlisiň tekliplerine esaslanyp, karar kabul edýär. Soňky ýyllarda ýüze çykan syýasy durnuksyzlyk monarhiýanyň has täsirli bir instituta öwrülmegine sebäp boldy: 2020-2022-nji ýyllarda Patyşa üç gezek hökümet Baştutanyny belledi.

Ýurtda mirasdüşer soltanlaryň döwlet Baştutany wezipesine geçmeginiň özboluşly ulgamy bar.Ol öz orunbasary (wezir) bilen bilelikde dokuz ştatyň mirasdüşer hökümdarlaryndan (yzly-yzyna ikinji möhlete gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan) bäş ýyllyk möhlete saýlanýar.

Dalaşgär 1957-nji ýylda, Patyşa wezipesi döredilende düzülen sanaw boýunça kesgitlenýär. 1958-nji ýylda doglan Ybraýym Ysmaýyl 2010-njy ýyldan bäri Singapur bilen serhetleşýän Johor ştatyny dolandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Malaýziýanyň täze Hökümdary
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly