Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan 6-njy iýulda Adam Hukuklary boýunça Dialogyň 13-nji mejlisini geçirdiler. Bu barada Ýewropanyň daşarky hereket gullugy (EEAS) 7-nji iýulda maglumat berdi.
EEAS-iň bu baradaky beýanatynda kanunyň hökmürowanlygynyň we adam hukuklaryna hormatyň ÝB-Türkmenistan gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigi bellenilýär.
Maglumata görä, mejlisiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk we onuň berjaý edilişi, raýat jemgyýetiniň ýagdaýy, esasy azatlyklar, tussaghanadaky ýagdaýlar, gynamalaryň öňüni almak, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk, şeýle-de pendemiýanyň netijeleriniň adam hukuklaryna ýetirýän täsirleri dagy barada pikir alyşylypdyr.
Mejlise Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Jon MakGregor we BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň Bişkekdäki edarasynyň ýolbaşçysy Ryszard Komenda Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat bermäge çagyryldy.
ÝB Türkmenistanyň adam hukuklary meselesinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny gowy garşylasa-da, ýurduň kanunçylygynyň käbir aspektleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamlarynyň ençemesiniň doly berjaý edilmelidigini we muňa gözegçiligiň zerurdygyny belledi.
ÝB tussaglykdaky ýitirim edilmeler baradaky ýagdaýlar boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtap geçdi. Mundan başga-da, ÝB Türkmenistany möhüm, şol sanda gynamalara garşy halkara konwensiýalary we protokollary hem tassyklamaga çagyrdy.
ÝB 1998-nji ýylda gol çekilen Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ratifikasiýa edilmegi üçin adam hukuklary meselesinde anyk özgerişlikleriň zerurdygyny hem belledi.
Türkmen delegasiýasy BMG-niň zor bilen ýitirim edilenler baradaky işçi toparynyň Türkmenistana etjek sapary barada gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmen tarapy epidemiologiki ýagdaýlar rugsat berse, diplomatlaryň tussaghanalara baryp görmegini guramalaşdyrmaga taýýardygyny hem ýaňzytdy.
Maslahatyň barşynda türkmen tarapy ýurduň Ombudsmeniniň edarasynyň 2020-nji ýyl boýunça geçiren işleriniň hasabatynyň köpçülige ýetirilendigini-de belledi. ÝB Ombudsmeniň edarasynyň doly garaşsyz bolmagynyň möhümdigini, şeýle-de onuň türkmen resmileri bilen adam hukuklary, şol sanda zor bilen ýitirim edilenler baradaky meseleleri gozgamagynyň zerurdygyny nygtady.
ÝB raýat jemgyýetiniň käbir guramalarynyň hökümet bilen konsultasiýalary geçirmegini gowy garşylady. Şol bir wagtda, ol ýurtda adam hukuklaryny goraýjylar, raýat guramalary we žurnalistler babatyndaky ýagdaýlara alada bildirdi.
Şeýle-de, ÝB ýurtdaky gereksiz Internet çäklendirmelerini aradan aýyrmaga çagyrdy.
ÝB ýurtda mejbury zähmetiň doly aradan aýrylmagynyň möhümdigini belledi we çaga zähmetine çydamlylyk edilmejekdigini duýdurdy.
Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň toparyna EEAS-iň Merkezi Aziýa bölüminiň ýerine ýetiriji başlygy Filippe wan Amersfoort ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, mejlise Fransiýanyň we Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçileri hem synçy hökmünde gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, türkmen Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň, Adalat, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Din işleri boýunça bölüminiň wekilleri bar diýip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.