Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny “Günorta gaz koridory” (GGK) arkaly akdyrmak mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, Ýewropa komissiýasynyň energetika boýunça wise-prezidenti, GGK proýektiniň konsultaiw geňeşiniň egindeş başlygy Maroş Şefçowiç aýtdy.
Bu beýanat Bakuwda, 15-nji fewralda, GGK-nyň konsultatiw geňeşiniň çägindäki ministrleriň dördünji mejlisinde edildi diýip, “Прайм” habar berýär.
“2018-nji ýyl “Günorta gaz koridory” proýektini durmuşa geçirmek üçin aýratyn bir döwür bolar. Azerbaýjan gazy 2020-nji ýylda Ýewropa baryp ýeter. Bu strategiki taslama bolup, Ýewropanyň energiýa howpsuzlygny berkider” diýip, Şefçowiç metbugat ýygnagynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ýewropa komissiýasy Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen hemişe aragatnaşyk saklaýar.
“Birnäçe ýyl mundan öň Transhazar gaz proýektiniň gurluşygy boýunça gepleşikler üçin mandat döredildi. Häzir biz türkmen gazyny “Günorta gaz koridory” arkaly akdyrmak mümkinçiliklerini öwrenýäris. Bu ugurda iş alnyp barylýar” diýip, ol aýtdy.
“”Günorta gaz koridory” ÝB üçin ileri tutulýan proýektleriň biri bolup durýar we Kaspi sebitiniň 10 milliard kub metr azerbaýjan gazyny Gürjüstanyň we Türkiýäniň üstünden Ýewropa aşyrmagy nazarda tutýar.
Azerbaýjanyň “Şah deňiz” gaz kondensaty ýatagynyň ikinji tapgyrdaky özleşdirilmesinden gazylyp çykarylýan gaza ilkinji etapda GGK proýekti üçin esasy çeşme hökmünde garalýar. Has soňky etaplarda proýekte başga çeşmeler hem birikdirilip bilner. Ýatagyň özleşdirilmeginiň ikinji tapgyrynyň çäginde alnan gaz, Günorta Kawkaz gaz geçirjisini giňeltmek we Transanatoliý we Transadriatik gaz geçirileriniň gurluşygy netijesinde Türkiýä we ýewropa bazarlaryna iberiler.