ÝB Siriýa Goýan Sanksiýalaryny Gowşadar

ÝB Siriýa Goýan Sanksiýalaryny Gowşadar

ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kallas, ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Siriýa goýlan sanksiýalaryň gowşadylmagy boýunça ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi.

Kaža Kallas, ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde 2011-nji ýyldan bäri dowam edýän içerki uruş sebäpli Siriýanyň agdarlan lideri Başar Asady nyşana alan sanksiýalaryň bes edilmegi barada beýannama berdi.

“ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Siriýa goýlan sanksiýalaryň gowşadylmagy üçin iş meýilnamasynyň taýarlanmagy boýunça ylalaşyk gazandy” diýen Kallas, “Gyssagly işe girişmegi meýilleşdirýäris. Täze hökümet ýalňyş karar kabul eden halatynda sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky karardan ýüz öwüreris” diýip duýduryş berdi.

Kallas, haýsy pudaklara goýlan sanksiýalaryň gowşadyljakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Ýene degişli makalalar

Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Ibrahim Kalyn Siriýada saparda boldy
Türkiýäniň Halapdaky Başkonsullugy 13 Ýyl Soň Gaýtadan Açyldy
BMG: Siriýanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin ýarym asyrdan gowrak wagt gerek bolar
Hakan Fidan Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”