ÝB, geçen ýyl sil sebäpli uly ýitgi çeken gurama agza 5 ýurda 1 milliard ýewrodan gowrak kömek berer.
ÝB Komissiýasy 2023-nji ýylda aşa köp ýagan ýagyşlar bilen sil sebäpli uly ýitgi çeken Italiýa, Sloweniýa, Awstriýa, Gresiýa we Fransiýa, ÝB-niň Arkalaşyk gaznasy tarapyndan maliýe kömeginiň berilmegini teklip etdi.
ÝB Komissiýasy tarapyndan berlen beýannamada, teklibe laýyklykda Italiýanyň Emilia-Romagna sebitine 378,8 million ýewrolyk, Toskana sebitine 67,8 million ýewrolyk, Sloweniýa 428,4 million ýewrolyk, Awstriýa 5,2 million ýewrolyk, Gresiýa hem 101,5 million ýewrolyk we Fransiýa hem 46,7 million ýewrolyk kömegiň beriljekdigi nygtaldy.
Maliýe kömeginiň zeper ýetirlen infstrukturanyň abatlanmagy, medeni mirasyň goralmagy we arassaçylyk işleri üçin sarp ediljekdigi bellenildi.