ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini 2023-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli uzaltdy.

ÝB-niň, Krymy we Siwastopoly anneksirländigi sebäpli Russiýa goýan sanksiýalarynyň möhledi 1 ýyl uzadyldy.

Ilkinji gezek 2014-nji ýylda goýlan sanksiýalar, Krymda we Siwastopolda öndürlen hatyrlaryň ÝB-ne agza ýurtlara eksport edilmegini gadagan edýär.

Sanksiýalaryň çäginde mundan başgada Krymdaiş alyp barýan firmalaryň aragatnaşyk, telekomunikasiýa, nebit-gaz, magdan we energetika pudagynda käbir enjamlary we tehnalogiýalary satmagy gadagan edilipdi.

ÝB Geňeşinden berlen beýannamada, sanksiýalaryň möhlediniň 2023-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli uzadylandygy nygtaldy.

Russiýa, 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym Awtonomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksirläpdi. Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenmegi we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirlen wakalar sebäpli ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa sanksiýa goýmaga başlapdy.

Geçen hepte Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Kiýewde Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdeler.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols otlyda beren beýanatynda Ýewropanyň ykdysady jemgyýetiň döredilmegine gatnaşan 3 uly ýurdyň liderleriniň Kiýewe gelmekleri we söweşiň bu tapgyrynda Ukraina we Ukrainanyň halkyna berýän goldawlaryny görkezmekleriniň möhümdigini beýan etdi.

Olaf Şols Ukraina diňe raýdaşlyk görkezmek däl, eýsem maliýe, ynsanperwer we ýarag taýdan berilýän kömekleriň dowam etjekdigi barada kepillik bermäge gelendiklerini habar berdi.

Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň örän möhümdigini nygtap geçjekdiklerini aýdan Olaf Şols, şol sanksiýalaryň Russiýanyň etmek isleýäninden dänmegini we esgerlerini Ukrainadan yzyna çekmek ähtimallylygyna goşant goşýandygyny, maksatlarynyň hem şoldygyny mälim etdi.

Üç ýurdyň liderleriniň sapary Ukrainanyň gündogarynda Russiýa bilen bolýan çaknyşyklaryň we global azyk krizis bilen bagly basyşlaryň başdan geçirilýän wagty amala aşyrylýar.

24-nji fewralda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri Günbatar döwletleriň ençemesi Kiýewe sapar guran hem bolsa, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň Ukraina sapar guramazlygy tankydy belliklere sebäp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Ýewropada “Super” şenbe
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy
Spor Toto Super Liganyň 38-nji we soňky hepdesi tamamlandy