ÝB Geňeşinden berilen ýazmaça beýannama görä sanawa goşulan 217 adamyň arasynda Kremliň ýokary derejeli resmileri, oligarhlar Moşe Kantor, Boris Rotenberg we Oleg Deripaska, energetika, maliýe, media, goranyş we ýarag senagaty ýaly möhüm ykdysady pudaklaryň öňdebaryjy işewürleri we “dizenformasiýanyň tarapdarlary” bar.
Aýratynam ozal sanksiýa goýulan adamlaryň olardan gaçmagynyň öňüni almak üçin maşgala agzalary hem bar.
Şolaryň hatarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gyzlary Mariýa Wladimirowna Woronsowa we Ýekaterina Wladimirowna Tihonowa hem bar.
“Donesk Halk Respublikasynyň” we Luhansk Halk Respublikasynyň” ministrleri we “Halk Geňeşiniň” agzalary hem sanawa goşuldy.
Sanksiýa goýulan 18 edara-kärhananyň arasynda ulaglar pudagynda iş alyp barýan we Russiýa degişli esasy banklardan biri we söweşde tehnologiýasy hem-de önümleri bilen möhüm pozisiýa eýeleýän harby-goranyş senagatynyň firmalary bar.