ÝB, Russiýa Degişli Almaz Öndürýän Firma Sanksiýa Goýdy

ÝB, Russiýa Degişli Almaz Öndürýän Firma Sanksiýa Goýdy

Ýewropa Bileleşigi, merkezi Russiýada ýerleşýän almaz öndürýän dünýäniň iň uly firmalaryndan biri bolan Alrosa firmasyna we ýokary derejeli ýolbaşçysyna sanksiýa goýdy.

ÝB Geňeşi, Ukrainanyň bitewiligine we garaşsyzlygyna howp salýan aksiýalardan jogapkärdigi sebäpli firmanyň we firmanyň ýolbaşçysynyň sanksiýa sanawyna degişli edilendigini habar berdi.

ÝB Geňeşinden berlen beýannamada, Rus almaz firmasy Alrosa we ýokary derejeli ýolbaşçysy Rawel Alekseýewiç Marinçewiň sanksiýa sanawyna alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, Alrosa firmasynyň rus döwletine degişlidigi bellenildi.

ÝB-niň dekabr aýynda kabul eden 12-nji sanksiýa bukjasynyň çäginde Russiýadan almaz importynyň gadagan edilendigi mälim edilipdi.

Şeýlelikde, ÝB-niň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Russiýa goýan sanksiýa sanawyna alynan adamlaryň we guramalaryň sany 1950-ä ýetdi.

Ýene degişli makalalar

TBMM Ysraýyla Goldaw Berýän Firmalaryň Önümleriniň Satuwyny Bes Etdi
Türk ýaragly güýçleriniň inwentarynda himiki ýarag ýok
Rus Internet Firmasy Ýandeksiň Esaslandyryjysy Ukraina Söweşine Garşy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wodafone 3 Ýylda 11 Müň Adamy Işden Çykarar
Liwiýa, Türk Firmalary Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär