ÝB Rus Gazy Bolmazdan Ýaşamaga Taýýar

ÝB Rus Gazy Bolmazdan Ýaşamaga Taýýar

Simson Brýusselde Ýewropanyň energetika pudagyndaky öwrülşik üçin eden başlangyçlary hakyndaky “ÝB Energetika Bileleşigi 2024” atly habarnamasy boýunça metbugat ýygnagyny geçirdi.

ÝB-niň soňky iki ýylda gaýtadan işlenýän energiýa desgalaryny çaltlyk bilen gurýandygyny ýatladan Simsom; “2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýel we gün energiýasy rekord goýup, elektrik önümçiliginde fosil ýangyçlardan öňe geçdi” diýdi.

Simson gaýtadan işlenýän energiýa çeşmeleriniň ýaýbaňlanmagyny ýola goýmak üçin bazar utgaşyklygy, ulgam we infrastruktura goýumlarynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Rus fosil ýangyçlaryna onlarça ýyllap dowam eden “garaşlylygy” ortadan aýyrmagyň hötdesinden gelendiklerini beýan eden Simson, geçmişde ÝB-niň Russiýadan ýylda 150 milliard m3 gaz import edendigini, onuň indi 50 milliard m3-dan hem aşak düşendigini nygtady.

Simson: “Russiýa bolan garaşlylygymyz 2021-nji ýylda 45 göterime deň bolan bolsa, geçen ýyl 15 göterime düşdi” diýdi.

ÝB-niň gaz ammarlarynyň 90 göterime çenli dolulyk derejesine 1-nji noýabrdan birnäçe hepde öň ýetendigini ýatladan Simson, Ýewropanyň 2022-2024-nji ýyllaryň aralygynda gaz sarp ediş mukdaryny 18 göterim azaldandygyny aýtdy.

“Rus gazyny Ýewropanyň energiýa üpjünçiligine wehim salmazdan, tapgyrlaýyn häsýetde ortadan aýyrmakda biz ygrarly” diýen Simson, ÝB-niň Ukrainanyň üstaşyr gelýän rus gazy bolmazdan ýoluny dowam etdirmage taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
ABŞ Demirgazyk Koreýa Bilen Bagly Habarlary Seljerýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Minstrleriniň Maslahatyna Çagyryldy
Hakan Fidan ÝB maslahatyna gatnaşar