ÝB resmisi Hazarüsti taslamasy babatynda täjirçilik we bazar bähbitleriniň ähmiýetine ünsi çekýär

ÝB resmisi Hazarüsti taslamasy babatynda täjirçilik we bazar bähbitleriniň ähmiýetine ünsi çekýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň syýasy kararlary däl, esasan täjirçilik bähbitlerini we bazarlary talap edýändigini aýdýar.

Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň perspektiwalary syýasy taýdan kararlaşdyrylyp bilinmez, bu täjirçilik gyzyklanmasyny we bazarlary talap edýär diýip, “Interfaks” habar agentligi Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň 18-nji ýanwarda Aşgabatda geçiren metbugat brifingine salgylanýar.

Ykdysady taslamalar syýasatçylar tarapyndan kararlaşdyrylyp bilinmez olar strategiki bähbitler bolup durýar, ýöne [olar babatda] täjirçilik gyzyklanmasy bolmaly we bazarlar bolmaly diýip, Şinas Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň perspektiwalary we mümkinçilikleri boýunça özüne berlen soraga beren jogabynda aýtdy.

Ol özüniň Türkmenistana belli-belli ykdysady taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň binýatlaryny hödürlemek üçin gelendigini aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas, Merkezi Aziýa paýtagtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde, 17-nji ýanwarda Aşgabatda bolup, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Wise-prezident Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) ýewropa resmisiniň türkmen prezidenti bilen geçiren duşuşygyna salgylanýar.

Döwlet metbugatyna görä, taraplar söhbetdeşligiň dowamynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan köpýyllyklardan bäri özüniň tebigy gaz serişdelerini Ýewropa ýurtlaryna ibermäge, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirip gelýär.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmekde syýasy kararlaryň däl, täjirçilik we işewürlik mümkinçilikleriniň has möhüm rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

Has ozal, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Wenrgriýanyň Daşary işler ministrligi awgustda Aşgabat bilen Budapeştiň arasynda türkmen gazyny Wengriýa ibermek babatynda syýasy ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

“...Indi gezek kompaniýalaryň arasyndaky gepleşiklerde” diýip, “Interfaks” şonda Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Siýýartonyň sosial mediada aýdan sözlerini sitirledi.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainada alyp barýan giň gerimli çozuşynyň arasynda Moskwa bolan energetika garaşlylygyny azaldýar we tebigy gaz import ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar.

Şol bir wagtda, Bileleşik tutuş Merkezi Aziýa sebiti bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi nazarlaýar. Sebit ýurtlary hem dünýädäki we sebitdeki täze reallyklaryň arasynda täze hyzmatdaşlyklara ymtylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer 19-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýewropa ýurtlarynda täze tebigy gaz çeşmelerine bolan gyzyklanmalaryň bardygyny, bu gyzyklanmalaryň hususan-da soňky birnäçe ýyl bäri has-da artýandygyny gürrüň berdi.

“Ýewropa hemişe-de özüniň tebigy gaz çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak isleýär. Bu häzirki wagtda has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, Ýewropa Bileleşigi häzirki wagtda rus gazynyň importlaryny çäklendirýär; üç ýyl öňküleri ýaly, ýylda 150-160 milliard kub metr möçberlerinde rus gazyny satyn almaýar. Şeýlelikde, olar başga çeşmelere isleg bildirýärler, diýmek ol ýerde täjirçilik gyzyklanmalary hem bar” diýip, Panniýer aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, Interfaks habar agentligine görä, Bileleşigiň öz energetika durnuklylygyny ösdürýändigini gürrüň berdi. Şeýle-de, ol ÝB-niň ýaşyl energiýa çeşmelerine tarapdarlygyny beýan etdi.

“Täjirçilik bähbitleri barada gürrüň edilende, problemanyň bir bölegi, türkmen gazyny Ýewropa ibermekde gaz geçirijileriň gurluşygyny ýa-da gaz geçirmegiň beýleki ulgamlarynyň ýola goýulmagyny hasaba goşmaly bolýarys.Bazarlaryň elýeterliligi barada aýdylanda, Ýewropanyň öz energetika bazarlary bar.

Olar hoşallyk bilen türkmen gazyny kabul edip alarlar. Ýöne bu ýerde esasy mesele tebigy gaz serişdeleriniň Türkmenistandan Ýewropa bazarlaryna getirilmegi bilen bagly bolup durýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistan Günbatar bazarlaryna ýylda 30 milliard kub metre çenli tebigy gaz geçirmäge ukyby bolan gaz geçiriji ulgamlarynyň gurulmagyna gyzyklanma bildirip gelýär.

Munuň üçin, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna bir alternatiwa hökmünde garalýar. Bu taslama arkaly türkmen gazyny Azerbaýjana, ondan aňry Günbatar ýurtlaryna akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýöne bu ýerde Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy durmuşa geçirilen halatynda hem, türkmen gazynyň Azerbaýjandan aňry Günbatar ýurtlaryna akdyrylmagy hem mesele bolup durýar. Sebäbi, Günorta gaz koridoryna goşulýan gazyň göwrüminiň giňelmegi, degişli gaz geçiriji ulgamlarynyň kuwwatynyň hem giňeldilmegini talap edýär. Bu bolsa, Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyndan daşary goşmaça inwestisiýalary talap edýär.

Britaniýaly energetika howpsuzlygy bilermeni Jon Roberts has ozal Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu mesele boýunça şeýle diýdi:

“Geçirijiniň Hazaryň bir kenaryndan beýleki kenaryna çenli uzynlygy 300 kilometr. Muny tehniki taýdan çekip bolýar. Gaty kyn däl. Ýöne 30 milliard kub metr gazy Azerbaýjandan Ýewropa Bileleşigine çenli nädip daşajak, haýsy ulgam bilen daşajak? [30 milliard kub metrlik goşmaça gazy] daşajak ulgam ýok” diýip, Roberts aýtdy.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýewropa resmisiniň sözlerine görä, täjirçilik bähbitlerini, gyzyklanmalaryny talap edýär. Şeýle iri taslamalar babatynda, syýasy kararlar täjirçilik bähbitleriniň öňüne geçip bilmeýär. Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Brýus Panniýer täjirçilik gyzyklanmalarynyň syýasy bähbitlerden has ähmiýetlidigini aýdyp şeýle diýdi:

“Täjirçilik bähbitler syýasy bähbitlerden üstün çykyp bilýär. Duşmanyň bilen hem, käwagt, biznes edip bilersiň, hatda onuň bilen uruş halynda bolsaň-da. Meselem, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi, sanksiýalara garamazdan, Russiýa bilen biznes edip bilýär. Bilşimiz ýaly, Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainada alyp barýan giň gerimli çozuşy sebäpli, oňa garşy sanksiýa girizdi. Täjirçilik bähbitleri elmydama-da ileri tutulýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Ýöne Türkmenistan babatynda bu ýagdaý elmydama şeýle bolmany bilýär:

“Bu şeýle bolmaly, dogry. Ýöne Türkmenistan barada aýdylanda, bir topar çal sebitler, gümürtik ýagdaýlar bar.Sebäbi, Türkmenistanda ähli kararlar depede kabul edilýär.Megerem, türkmen işewürleri ýewropaly işewürler bilen ylalaşyk gazanyp, gaz üpjünçiligi babatynda karar kabul edip bilerdi.

Bu aňsat başa barardy. Ýöne Türkmenistanda hemme zady lider, ýa-da liderler tassyklaýar. Şolaryň razyçylygy bolmazdan ylalaşyk gazanyp bolmaýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Bu ýagdaý Türkmenistan babatynda syýasy kararlaryň täjirçilik ýa-da bazar bähbitlerinden ileri tutulýandygyny görkezýär.

“Türkmenistanda täjirçilik bähbitleri, gynansak-da, syýasatdan üzňe däl” diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy boýunça awgustda çap eden beýanatynda, bu taslamany durmuşa geçirmekde syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi
Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Diňle: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar - Roberts