22-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM ýolbaşçylarynyň we ÝB-niň wekilleriniň Täjigistanda duşuşygy geçdi.
Duşuşyk ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça wekili Jozep Borreliň we Täjigistanyň DIM Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň DIM-niň, Türkmenistanyň DIM-niň orunabsary Wepa Hajyýewiň gatnaşmagynda geçdi.
Oňa gatnaşanlar koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerine garşy bilelikde göreşmegi, ÝB-niň sebitdäki maksatnama işleriniň esasy ugurlaryny, howpsuzlyk meselelerini hem Owganystana ýardam etmek we beýleki sebitara hyzmatdaşlyk barasynda gürrüň etdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň maglumatlaryna laýyklykda,duşuşyga gatnaşanlar ÝB-niň hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň geljegini we 2019-njy ýylda kabul edilen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýalaryny durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wepa Hajyýew özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kiber jenaýayçylyga garşy göreş, maglumat hem biýologiýa howpsuzlygy bilen bagly çäreleri pugtalandyrmak diýip atlandyrdy.
Türkmen tarapy nobatdaky “ÝB-Merkezi Aziýa” Ykdysady forumynyň esasy ugurlaryny energiýa, senagat, söwda, ulag hem aragatnaşyk diýip atlandyrdy we ony Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.
Şeýlede Hajyýew bilim, ylym, medeni we sungat boýunça bilelikdäki iş üçin “ÝB-MA” gumanitar hyzmatdaşlyk forumyna başlamagy hem teklip etdi diýip, DIM-gi habar berýär.
Gyrgyzystanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, duşuşyga gatnaşan Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen Owganystanda gumanitar we sosial ykdysady betbagtçylygyň öňüni almak üçin Ýewropa birliginiň 1 milliýard dollar berjekdigi barada aýtdy.
Duşuşyga gatnaşanlar bilelikdäki beýanatlarynda ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Covid-19-dan soňra ykdysadyýeti dikeltmegi goldamak, Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly dörän käbir meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip Ýewrokomissiýanyň metbugat-relizinde habar berilýär.
“ÝB-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň has durnukly, pajarlaýan, ykdysady hem syýasy giňişliginiň jebis ösmegi bilen gyzyklanýar. Şeýlede biz Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly dörän umumy meseleleri çözmek babatda bilelikdäki tagallamyzy işjeňleşdirmek isleýäris.
Eger Merkezi Aziýa döwletleri reformalar we demokrtiýa babatda tutanýerlilik görkezseler, ÝB sebitiň geljegine agramly goşant goşar ” diýip Jozep Borrel belledi.
Duşuşykdaky gepleşikleriň has jikme-jikleri barada ne ÝB-niň metbugat gullugy ne-de MA ýurtlarynyň DIM-likleri maglumat berdiler.
Ýewropa bileleşiginiň wekilleri bilen Merkezi Aziýanyň DIM-niň Täjigistandaky duşuşygynyň öň ýanynda ynsan hukuklaryny goraýjylar sebitdäki ýurtlarda adam hukuklarynyň ýagdaýy barasynda hasabat taýýarladylar.Onuň iňlisçe mazmuny bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin. Duşuşykda sebitdäky adam hukuklary meseleleri babatda gürrüň edilendigi bilen bagly maglumat ýok.The post ÝB-niň we MA ýurtlarynyň DIM-niň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary hem ýokanjyň netijelerini maslahatlaşdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.