ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini Aşgabada barýar

ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini  Aşgabada barýar

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini 6-njy iýulda, Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän iki günlük saparynyň çäginde ilkinji nobatda Türkmenistana barýar.Bu sapar hukuk toparlarynyň sebitde adam hukuklary meselesinde basyş görkezilmegine çagyrýan wagtynda amala aşyrylýar.

Mogherini Aşgabatda türkmen häkimiýetleri, şol sanda Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşmagy, ÝB-niň delegasiýasynyň edara jaýynyň açylmagyna bagyşlanan dabara gatnaşmagy planlaşdyrýar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň resmi websaýtynda habar berilýär.

Mogherini gyrgyz paýtagty Bişkekge hem sapar eder we ol ýerde regiondaky bäş kärdeşi bilen duşuşyp, 7-nji iýulda geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa forumynda söz sözlär.Hukuk toparlary Mogherininiň Merkezi Aziýa saparynyň öňüsyrasynda ony başga pikirlileri basyp ýatyrmakda we tankytçylary susdurmakda giňden tankyt edilýän sebitde adam hukuklarynyň ilerledilmegine üns bermäge çagyrdylar: “Türmenistanda dünýädäki iň bir repressiw hökümetleriň biri bolup, ol ýerde aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylary tussag etmegiň uzakdan gelýän ýazgysy bar” diýip, adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber ýazdy. “Bu ÝB-niň täze Merkezi Aziýa strategiýasynda nazarda tutulyşyndan has aňyrda, ol ýerde regionyň ýurtlarynyň adam hukuklary pudagyndaky standartlary saklamagyna, hukuk goraýjylaryň we žurnalistleriň öz işlerini erkin ýerine ýetirmegine rugsat berilmegine, adam gynamalarynyň ýok edilmegineadalatly çagyryş edilýär” diýip, Denber sözüniň üstüni ýetirdi.

Denber Ýewropa Bileleşigini türkmen hökümetine ÝB-niň Aşgabatdaky täze edarasynyň “ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň hakykat ýüznüde üýtgemegine basyş etmekde hiç bir tagallany gaýgyrmajakdygyny” aýtmaga çagyrdy. Şeýle-de Denber Mogherininiň ilkinji gezek 1995-nji ýylda, Aşgabatda hökümete garşy parahatçylykly demonstrasiýa gurnap, demokratik saýlawlary talap etmäge, ykdysady kynçylyklara garşy protest bildirmäge kömekleşeni üçin tussag edilen Gulgeldi Annanyýazowyň azat edilmegi üçin berk talap goýmalydygyny aýtdy.

Annnyýazow soňra türmeden boşadyldy we ýurdy terk etdi, emma ol 2008-nji ýylda Türkmenistana dolanyp gelende, gaýtadan tussag edildi.Annanyýazowyň türme möhleti şu ýylyň başynda tamamlanmalydy, emma ol henize-bu güne çenli hem azatlyga goýberilmeýär.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklary boýunça direktory Filipp Dam 5-nji iýulda çap edilen pikirinde Mogherini “ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynda netijeli demokratiýanyň awtoritar liderler öz häkimiýetde bolmak isleglerini öz raýatlarynyň hukuklaryndan ýokarda goýmakdan saklanan halatynda mümkin boljakdygyna ynanýandygyny” aýtmaga çagyrdy.

Beýleki meseleler bilen bir hatarda Dam soňky ýyllarda Täjigistanda150-den gowrak aktiwistiň, žurnalistiň, aklawçynyň we oppozisiýa şahsyýetiniň eden etdilikli ýagdaýda tussag edilendigini aýtdy. Şeýle-de ol Mogherinini gyrgyz häkimiýetleriniň hukuk goraýjy, 2010-njy ýylda bir topar düzgün bozmalar esasynda geçirilen suddaömürlik türme tussaglygyna höküm edilen Azimjan Askarowy azat etmegine çagyrmagy sorady.

Ýene degişli makalalar

F.Mogherini ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýurduň açylmagyna kömek etmegine bil baglaýar
Türkmenistan syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB — Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Delor: ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynda Adam hukuklary we metbugat azatlygy ileri tutulmaly 
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda wekilhanasyny açar