ÝB-niň resmisi Türkmenistany Günorta gaz koridoryna goşmagyň mümkindigini aýdýar

ÝB-niň resmisi Türkmenistany Günorta gaz koridoryna goşmagyň mümkindigini aýdýar

ÝB-niň Azerbaýjandaky ilçisi Jankauskas geljekde energiýa çeşmelerine talabyň ýokary boljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde Türkmenistany hem Günorta gaz koridoryna goşmagynyň mümkindigini ýaňzytdy.Ilçi bu barada Trend habar agentligine gürrüň berdi. Ýewropa Bileleşiginiň resmileri türkmen gazyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek barada soňky döwürlerde ilkinji gezek çykyş etmeýär. ​ Mundan ozal, 20-nji fewralda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen Günorta gaz koridoryna degişli Konsultatiw geňeşiň ministrler derejesindäki bäşinji duşuşygynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň býujet we adam resurslary boýunça komissary Günter Öttinger türkmen resmilerine Günorta gaz koridoryna goşulmagy teklip etdi. Şonda ýewropaly komissar Öttinger Türkmenistany Azerbaýjanyň üstünden Ýewropa gaz akdyrmaga çagyrdy.

Onuň sözlerine görä, Konsultatiw geňeşiň duşuşygyna gatnaşan ýokary wezipeli türkmen resmisi bu teklibi kabul edýändiklerini ýaňzytdy. “Ýöne munuň bilen bagly ahyrky karar Türkmenistana bagly” diýip, Öttingeriň sözleri Interfaksa getirildi.

Günorta gaz koridory Ýewrokomissiýanyň başlangyjy bolup, onuň üsti bilen Kaspi deňziniň hem-de Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň gazyny Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.Azerbaýjandan Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan Günorta gaz koridory taslamasy Günorta Kawkaz, Trans Anadoly (TANAP), hem-de Trans Adriatik (TAP) gaz geçirijilerini öz içine alýar. Ýewrokomissiýanyň çap eden maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigi Günorta gaz koridorynyň üsti bilen Ýewropanyň energiýa pudagynda Russiýa garaşlylygyny azaltmagy maksat edinýär.

Türkmenistan bilen Ýewropa energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy köp ýyllyklaryň dowamynda agzap gelýär.Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewroparlament hem-de Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna salgylanyp, bu dokumenti ratifikasiýa etmän gelýär. 2008-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol çekildi. 2009-njy ýylda Ýewrokomissiýanyň hem-de Bütindünýä bankynyň hemaýatynda Hazar ösüş taslamasy türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça dürli meýilnamalary teklip etdi.

Oňa laýyklykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda 2011-nji ýylda Gaz söwdasy boýunça şertnama gol çekmek göz öňünde tutulýardy. 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energiýa gepleşikleri has-da ýygjamlaşdy.

Energiýa ekspertlerine görä, geçen ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Kaspi konwensiýasyna gol çekmegi bilen, Türkmenistandan Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana gaz geçiriji çekmegiň öňündäki päsgelçilikler aradan aýryldy.

Ýene degişli makalalar

ÝB Türkmenistanyň gazyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek üçin gepleşik geçirýär
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana Günorta gaz koridoryna goşulmagy teklip edýär
ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbe şäherine sapar bilen bardy
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar