Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasatynyň metbugat geňeşçisi Peter Stano Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki ÝB Komissiýasynda türk metbugat işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.
Metbugat işgärlerini türk baýdaklary bilen garşylan Stano, türk dilinde salam berip, Türkiyäni örän halaýandygyny beýan etdi.
ÝB-Türkiye gatnaşyklary bilen baglanşykly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Stano, ÝB-niň Türkiyäniň ähmiýetini bilýändigini habar berdi.
Peter Stano: "Türkiyäniň Ýewropa zerurlygy bar, Ýewropanyň hem Türkiyä zerurlygy bar. Sebäbi bilelikde häs güýçlüdiris" diýip aýdyp, agzalyk gepleşikleriň ýaňadandan başlanmagy bilen baglanşykly bolsa: "Bu, ähli agza döwletleri ynandyrmak ukyby bilen baglanyşykly, sebäbi 27 agza döwlet bolýar diýse mesele çözülip bilner" diýip nygtady.