ÝB-niň Geňeşiniň başlyklygyna girişdi

Sloweniýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde alty aýlyk başlyklygyna girişdi. Sloweniýanyň başlyklygy 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykda dowam eder. Sloweniýa United Resilient Europe (Bileleşen durnukly Ýewropa) atly şygary özüniň ýörelgesi hökmünde saýlady.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Lýublýananyň başlyklyk maksatnamasy dört esasy ugra gönükdirilýär: Bileleşigi dikeltmek, durnuklylyk we strategiki özbaşdaklyk; Ýewropanyň geljegi hakda pikir etmek; Ýewropanyň durmuş ýörelgesini, kanunyň ähli zatdan üstünligini we Ýewropanyň gymmatlyklaryny goldamak; Ýewropa Bileleşiginiň goňşy ýurtlarynda howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmak.

Sloweniýanyň başlyklygy döwründe Ýewropa Bileleşigi Geňeşinde saglyk, ykdysadyýet, energiýa, howa we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlarda durnuklylygy güýçlendirmek üçin işjeň tagallalar berjaý ediler. Bilelikde işlemek, birek-biregi goldamak we Ýewropa Bileleşiginiň her bir raýatynyň eşreti üçin raýdaşlyk bildirmek Ýewropa Bileleşiginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň açarydyr diýlip beýanatda bellenilýär.

Mundan ozalky alty aýda Portugaliýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etdi, Fransiýa bolsa Sloweniýadan soň başlyklyk eder. Sloweniýa 2004-nji ýylda Ýewropa bileleşigine girip, ilkinji gezek başlyklygy 2008-nji ýylyň birinji ýarymynda öz üstüne alypdy.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Hakan Fidan Sloweniýanyň premýer ministri Golob bilen duşuşyk geçirdi
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
E.M.AÝDOGDYÝEW HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
EURO 2024 çempionatynyň C toparyndaky ilkinji duşuşyklar tamam boldy
Dostlukly Zähmet dermanhanasy arzanladyş kartyny resmileşdirmegi teklip edýär
Ýewropany sil joşgunlary gurşady