ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri maslahat geçirmek üçin jemlenişdiler

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri maslahat geçirmek üçin jemlenişdiler

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Owganystandaky we Liwandaky ýagdaýy, Ýakyn Gündogardaky we Mozambik döwletinde başdan geçirilen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin maslahat geçirýärler.

Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde ýygnanan ÝB Daşary gatnaşyklar geňeşiniň resmi güntertibinde täze sanly tehnologiýalaryň geosyýasaty, şu ýylyň ahyrynda taslamasynyň taýarlanmagyna garaşylýan ÝB-niň "Strategiki Kompas" resminamasy, Efiopiýa ýaly meseleler bar.

Maslahatda Mozambik döwletine Ensarul Sunna atly terror guramasyna garşy göreş üçin ÝB Tälim missiýasynyň ugradylmagy barasynda ÝB Geňeşiniň kararynyň alynmagyna garaşylýar.

Liwandaky syýasy we ykdysady krizis hem maslahatyň güntertibinde bar.

Ministrleriň maslahatynda şeýle hem Günorta Kawkazdaky hadysalar maslahatlaşylar.

Awstriýa, Litwa we Rumyniýa ýaly ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Gruziýa, Azerbaýjan we Ermenistan ýaly ýurtlara guran saparlarynyň netijeleri barada Geňeşe maglumat beriler.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda Owganystan temasy hem gün tertibe getiriler.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid hem gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy
“Nokia” her satyn alnan enjam üçin bag nahalyny oturdar
“Germanwatch” howanyň üýtgemeginden has köp zyýan çeken ýurtlaryň sanawyny yglan etdi
Mozambik uglerody azaldandygy üçin 6,4 million dollar töleg aldy
Eýran 12 Ýurduň Raýatlarynyň Gelmegini Gadagan Etdi