ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri şu gün Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bir ýere jemlenşer.
ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Palestinada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşar.
Ispaniýanyň, Irlandiýanyň we Norwegiýanyň Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmek baradaky kararyndan soň ilkinji gezek geçiriljek ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda başga ýurtlaryň hem bu karary kabul edip etmejekdigi meselesi ünsleri özüne çekýär.
ÝB-niň Ýokary komisary Borreliň ýolbaşçylygynda geçiriljek maslahatda daşary işler ministrleri Saud Arabystanly, Müsürli, Iordaniýaly we Katarly kärdeşleri bilen hem duşuşar.