ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler minisrtleri, Ukrainada we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bir ýere jemlenişdi.
ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borreliň ýolbaşçylygynda geçiriljek maslahata gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen birlikde Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba hem wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşar.
Kuleba, Russiýa bilen 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän söweşde ýetilen sepgit hakynda kärdeşlerine maglumat berer.
ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler minisrtleri Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşar.
Maslahatdan öň metbugata beýannama beren Borrel, rus hüjümleri sebäpli Ukrainada elektrik togyny öndürýän desgalaryň 70 göterimine uly zeper ýetirlendigini we bu ýagdaý gyş paslynda asuda ilatyň gündelik drumuşyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini belledi.