Irlandiýanyň Radio telewideniýe guramasynyň berýän habaryna görä, Palestina döwletiniň ykrar edilmegi babatynda Irlandiýa, Ispaniýa, Sloweniýa we Malta döwletleriniň arasyndaky gepleşikler ýaýbaňlandyryldy.
Irlandiýanyň Wise-premýeri, Daşary işler we Goranmak ministri Mişel Martiniň metbugat geňeşçileriniň biri ady agzalan gepleşikleriň dowam edýändigini tassyklady.
Öňe sürmelere görä Irlandiýa we Ispaniýa ýaly Ýewropa Bileleşigine agza käbir ýurtlaryň 21-nji maýda Palestina döwletini ykrar etmegi göz öňünde tutýar.
Ispaniýanyň öňbaşçylyk edýän we lobbi işlerini geçirýän Palestina döwletiniň ykrar edilmegi bilen bagly tagallalara Irlandiýa, Sloweniýa, Malta we Norwegiýa ýaly döwletleriň goldaw berýändigi bilinýär.
Palestina döwletini häzirki wagtda Bolgariýa, Polşa, Çehiýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Wengriýa, Kipriň Grek bölegi we Şwesiýa bolmak bilen ÝB-ne agza 8 ýurt ykrar etdi.